Mercedes-Benz «eArocs 400» elektrik ulagyny tanyşdyrdy: hem beton garyjy, hem-de ýük ulagy

  • 10.04.2025 13:28
  • 7.5k+

Mercedes-Benz Trucks Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçirilen Bauma sergisinde «eArocs 400» atly elektrik ýük ulagyny tanyşdyrdy. Gurluşyk pudagy üçin işlenip düzülen model beton garyjy we ýük ulagy görnüşlerinde elýeterlidir. Ol hiç hili zyňyndylary döretmeýär we ses çykarman işleýär.

Ulagyň batareýasynyň kuwwaty 414 kWt·sag bolup, ol beton garyjy görnüşinde 200 km çenli, ýük ulagy görnüşinde bolsa 240 km çenli ýol geçmäge ukyply. Batareýany 20%-den 80%-e çenli zarýadlamak üçin, 400 kWt kuwwatly zarýadda, takmynan, 45 minut gerek.
Täze ulagyň 380 kWt-da (hemişe) we 450 kWt-da (iň ýokary) işleýän hereketlendirjisi, şeýle hem 3 basgançakly geçiriş gutusy (karobkasy) bar. Onuň ýük göterijiligi – 32 ýa-da 41 tonna. Kabinasyna 12 dýuýmlyk displeý we ses arkaly dolandyrylýan sensor ekran ýerleşdirilen. Howpsuzlyk ulgamyna tiz saklanmak we päsgelçilikleri anyklamak funksiýalary girýär.
«eArocs 400» pes zyňyndyly sebitlerde we ýuwaş ýerlerde ulanmak üçin amatlydyr. Ilkinji 150 ulag 2026-njy ýylda ÝB bazary üçin öndüriler. Satuwlar birinji çärýekde başlar, eltip bermeler bolsa üçünji çärýekde amala aşyrylar.


20.06.2026 12:20
4k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......