Godzilla bilen King Kong baradaky täze film surata düşürilip başlandy. Ol 2027-nji ýylyň martynda çykar

  • 10.04.2025 15:55
  • 5.9k+

Aktrisa Keýtlin Diwer sosial torlarda Godzilla bilen King Kong baradaky täze filmiň surata düşürilip başlanandygyny habar berdi. Filmiň önümçiliginiň näçe wagt dowam etjekdigi belli däl diýip, «CBR» habar berýär.

Täze filmiň režissýory hökmünde Grant Spýutor çykyş eder. Ol 2024-nji ýylda çykan filmiň režissýory we ssenaristi bolan Adam Wingardyň ornuna geçer. Filmiň aktýorlar düzümine Jek O’Konnell bilen Delroý Lindo hem goşular. Filmiň mazmuny baradaky maglumatlar entek aýan edilmedi.
«Täze imperiýa» (Годзилла и Конг: Новая империя) filminiň wakalary 2021-nji ýylda çykan «Godzilla vs. Kong» filminiň soňunda bolup geçen wakalardan soň dowam edýärdi. Ýeriň iň güýçli iki jandary bu gezek täze howp bilen ýüzbe-ýüz bolupdylar. Bu film dünýä boýunça 571 million dollar girdeji gazanyp, bu kinoälemiň iň köp tomaşa edilen filmi bolupdy.
Täze filmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 26-njy martyna meýilleşdirilýär.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......