Nissan önümçiliginiň bir bölegini Ýaponiýadan ABŞ-a geçirmegi göz öňünde tutýar

  • 09.04.2025 15:58
  • 3.6k+

Nissan Motor kompaniýasy ABŞ-a eksport edilýän ulaglaryň bir bölegini Ýaponiýada öndürmegiň deregine, önümçiligiň bir bölegini ABŞ-a geçirmegi göz öňünde tutýar. Bu ýagdaý ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň bütin dünýä ýurtlaryna garşy gümrük paçlaryny ýokarlandyransoň ýüze çykdy diýip, «Nikkei» gazetine salgylanyp, «Reuters» neşiri habar berýär.

Nissan eýýäm şu tomusda Ýaponiýanyň günbatarynda ýerleşýän Fukuoka şäherindäki zawodynda önümçiligi peseldip, «Rogue» kysymly ulaglaryň önümçiliginiň bir bölegini ABŞ-a geçirmek isleýär. Bu çäre Trampyň girizen gümrük paçlarynyň täsirini ýeňletmek üçin görülýär. Habarda aýdylmagyna görä, ýapon awtoulag öndürijisiniň ABŞ bazaryndaky esasy modeli bolan «Rogue» häzirki wagtda hem Fukuokada, hem-de ABŞ-da öndürilýär.
Geçen penşenbe güni Nissan Meksikada öndürilýän Infiniti kysymly iki ulagy üçin ABŞ-dan täze sargytlary kabul etmejekdigini mälim etdi.
Şeýle hem Nissan şu ýylyň ýanwarynda, aprel aýynda iki çalşykly önümçiligiň ýatyryljakdygyny yglan etse-de, häzirki wagtda ABŞ-nyň Tennessi ştatynyň Smirna şäherindäki zawodynda «Rogue» ulaglarynyň önümçiligini iki çalşykda dowam etdirmek isleýär.
«Nikkei» gazetiniň maglumatlaryna görä, Nissan geçen ýyl ABŞ-da, takmynan, 920 müň awtoulag satypdyr. Şolardan 16%-e golaýy bolsa Ýaponiýadan eksport edilipdir.


13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....