Bloomberg: iPhone 17 Pro öňki modellerden düýpli tapawutlanmaz

  • 09.04.2025 13:51
  • 4.3k+

Apple kompaniýasynyň indiki nesil smartfonlary dizaýn babatda soňky bäş ýylyň dowamyndaky iň uly üýtgeşmeleri başdan geçirer. Şol bir wagtda iPhone 17 Pro flagman modeli öň çaklanylyşy ýaly öňki modellerden düýpli tapawutlanmaz diýip, «Bloomberg» neşiriniň žurnalisti Mark Gurman ýazýar.

2020-nji ýylda iPhone 12 çykaly bäri, Pro wersiýaly modelleriň daşky görnüşi tas hiç hili üýtgemedi. iPhone 13 Pro bilen 14 Pro şol bir dizaýny saklady, iPhone 15 Pro-daky esasy täzelik bolsa, alýumin çarçuwanyň ýerine geçen titan korpus boldy. Häzirki iPhone 16 Pro-da hem, diňe kamerany dolandyrmaga ýaraýan «Camera Control» düwmesini we täze reňkleriň goşulmagyny hasap etmesek, esasy üýtgeşmeler bolmady.
Emma iPhone 17 hatary «2020-nji ýyldaky taryhy nesilden, 5G tehnologiýalarynyň ornaşdyrylyp başlanylan döwründen», ýagny iPhone 12 hataryndan bäri iň uly üýtgeşmeleri bilen tapawutlanar. Apple kompaniýasy hatara täze, örän inçe Air modelini goşar, ol az islegden peýdalanýan Plus wersiýanyň ornuna geçer.
Gurman iPhone 17 Pro-nyň öň tarapynyň öňki nesilden tapawutlanmajakdygyny aýdýar. Ýöne enjamyň arka tarapy düýbünden başgaça bolar. Internetde ýaýran suratlara görä, bu model öňki inedördül kamera blogunyň deregine, enjamyň arka ýüzüniň beýleki gyrasyna çenli ýetýän uly gönüburçly kamera modulyna eýe bolar.
Şol suratlarda iki reňkli dizaýn görkezildi – gara optika blogy enjamyň kümüş reňkli korpusy bilen kontrast döredýär. Emma Gurman kompaniýadaky çeşmelerine salgylanyp, Apple-yň bu dizaýndan ýüz öwürjekdigini aýdýar – kameranyň töweregindäki ýer enjamyň arka paneli bilen bir reňkde bolar.
Gurmanyň ýazmagyna görä, hakyky düýpli üýtgeşmeler 2027-nji ýylda, ýagny ilkinji iPhone-yň 20 ýyllygynda bolar. Şol wagt Apple taryhyndaky ilkinji eplenýän smartfonyny we «batyrgaý dizaýnynda» aýnadan köp peýdalanylan Pro wersiýasyny hödürlär.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...