Filippinlerdäki Kanlaon wulkany atylyp, 4 km beýiklige kül zyňdy

  • 09.04.2025 10:36
  • 5.5k+

Filippinlerdäki Negros adasynda ýerleşýän Kanlaon wulkany ýene-de işjeňleşdi. Wulkan atylyp, 4 kilometr beýiklige çenli kül zyňdy diýip, «South China Morning Post» bilen «Reuters» habar berýär.

Kanlaon – ýurt boýunça işjeň 24 wulkanyň biridir. Onuň beýikligi 2435 metre ýetýär diýip, Britannica ensiklopediýasynda ýazylýar.
Wulkan mundan ozal dekabr aýynda işjeňleşipdi. Şol wagt golaýdaky obalaryň ýaşaýjylary mejbury göçürilipdi. Soňky atylma mahaly hem adada ewakuasiýa bilen bagly çäreler güýjünde galypdy, ýagny ýaşaýjylaryň yzyna gaýdyp gelmegine rugsat berlenokdy.
Filippinleriň wulkanologiýa we seýsmologiýa institutynyň (PHIVOLCS) habaryna görä, dekabr aýyndan bäri, wulkanyň töweregindäki howpuň derejesi üçünji basgançakda saklanyp gelýär. Bäş basgançakly ölçeg boýunça üçünji dereje – lawanyň zyňylmak töwekgelçiliginiň ýokarlanandygyny we atylmanyň birnäçe hepdeläp dowam edip biljekdigini aňladýar. Institutyň ýolbaşçysy Teresito Bakolkol bu ýagdaýyň üýtgäp biljekdigini aýdýar. Onuň pikirine görä, ýakyn wagtda howpuň derejesi ýokarlanyp hem biler, peselip hem. Bularyň ählisi magmanyň ýeriň ýüzüne näderejede çalt çykjakdygyna bagly bolar.
Filippinler Ýuwaş ummanynyň wulkaniki ot halkasynda ýerleşýär. Bu sebitde wulkanlaryň atylmagy we ýertitremeler ýygy-ýygydan bolup geçýär.
Ýatlatsak, Gawaý adalaryndaky Kilauea wulkany hem 25-nji martda işjeňleşip, ertesi gün 200 metr beýiklige lawa zyňypdy.


09.06.2026 07:41
9.5k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.2k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.9k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.9k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....