Epic Aircraft kompaniýasynyň täze «E1000 AX» uçary uçarmansyz ýere gonmagy başarýar

  • 08.04.2025 20:33
  • 4.1k+

Epic Aircraft amerikan kompaniýasy täze ýokary tizlikli «E1000 AX» uçaryny hödürledi. Bu uçar şahsy we iş saparlary üçin niýetlenendir. Onuň iň uly aýratynlygy – adatdan daşary ýagdaý ýüze çykan halatynda, doly awtomatiki ýagdaýda ýere gonup bilmegidir. Bu funksiýanyň işjeňleşmegi üçin, adamyň kömegi gerek däl diýip, «New Atlas» ýazýar.

«E1000 AX» öňki «E1000 GX» modeliniň ornuna çykaryldy we ondan tapawutlylykda 20-den gowrak täzeleme bilen üpjün edildi. Uçar 1200 at güýjüni öndürýän Pratt & Whitney PT6-67A turboprop hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan. Onuň iň ýokary tizligi sagatda 617 km bolup, 10 müň metre çenli belentlikden uçup bilýär.
Uçar 500 kilograma çenli ýük daşamaga ukyply. Howpsuzlygyny we amatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Garmin Autothrottle we Garmin G1000 NXi ýaly akylly dolandyryş ulgamlary ornaşdyrylan. Çekiş ulgamy hereketlendiriji aşa gyzan ýagdaýynda ýa-da doly işlemegi bes eden ýagdaýynda-da awtomatiki tertipde işleýär.

Uçaryň iň esasy howpsuzlyk ulgamy Garmin Autoland bolup, ol adatdan daşary ýagdaý ýüze çykan mahaly dolandyryşy öz üstüne alyp, uçary howpsuz ýagdaýda ýere gondurýar.
Kabinasynyň penjirelerinde CoolView tehnologiýasy ulanylýar – ol altyn bilen örtülen inçe gatlak arkaly ýylylygyň 73%-ini gaýtaryp bilýär. Uçaryň içki dizaýny, boýy 203 santimetre çenli ýetýän uçarmanlar hem arkaýyn oturyp-turar ýaly edilip taýýarlanan. Şeýle-de ýolagçylar Starlink ulgamy arkaly internete hem girip bilýärler.

şu gün 13:48
1.9k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

düýn 14:38
3.4k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

düýn 08:10
4.8k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......