Renault-nyň iki modeli «EV van het Jaar 2025» baýragynyň ýeňijisi boldy

  • 08.04.2025 20:19
  • 2.6k+

«Renault 5» modeli «EV van het Jaar 2025» baýragynda orta bahaly ulaglar boýunça 2025-nji ýylyň iň gowy elektromobili diýlip yglan edildi. Bu baýrak her ýyl AutoWeek, LeasePlan we beýleki guramalaryň gatnaşmagynda gowşurylýar diýip, «Autoweek» portaly habar berýär.

Emin agzalary awtoulaglara 9 ölçeg boýunça baha berdi: bir gezeklik zarýad bilen geçýän ýoly, zarýad alyş tizligi, bahasy, sürüş rahatlygy, amatlylygy, satuw derejesi we beýleki möhüm görkezijiler.
«Renault 5» elýeterli bahasy we tehnologik aýratynlyklary bilen «Opel Corsa» we «Volvo EX30» ýaly bäsdeşlerini yzda galdyrdy.
Has ýokary synpdaky kategoriýada ýeňiji «Renault Megane E-Tech Electric» boldy. Ol «Volkswagen ID.3» bilen «Cupra Born» modellerini yzda galdyrdy.
Premium elektromobiller kategoriýasynda iň gowy model hökmünde «Tesla Model 3» saýlandy.
Iň ýokary (top) synpda bolsa ýeňiji hytaý awtoulagy «Zeekr 001» boldy. Bu model «Volkswagen ID.7» bilen «BMW i5-den» öňe geçdi.
Şeýle-de «Hyundai Inster» barada hem aýratyn bellenilip geçildi – ol «2025-nji ýylyň geljegi uly modeli» diýlip atlandyryldy. Heniz ähli ölçegler boýunça doly baha berilmese-de, bu model bahasy bilen aýratynlyklarynyň sazlaşygy sebäpli uly ynam döredýär.
Baýrak alan modeller elektromobil satyn almagy meýilleşdirýänler üçin gyzyklanma döredýär – sebäbi bular hem şäher içinde sürmek, hem-de gündelik ulanyş üçin amatly bolup durýarlar.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......