Beýik Britaniýa täze gibrid awtoulaglara goýlan gadaganlygy 2035-nji ýyla süýşürdi

  • 08.04.2025 15:50
  • 3.3k+

Beýik Britaniýa resmi taýdan gibrid awtoulaglaryň satuwy boýunça rugsady 2035-nji ýyla çenli uzaltdy. Bu karar «Toyota Prius» ýaly adaty gibridleri hem-de «Ford Kuga PHEV» ýaly tokdan zarýad alýan gibridleri hem öz içine alýar diýip, «The Guardian» neşiri ýazýar.

Şeýle-de bolsa, 2030-njy ýyldan başlap, täze benzinli we dizel awtoulaglaryň satuwy boýunça giriziljek gadaganlyk öňküsi ýaly güýjünde galýar.
Ekologiýa talaplaryna (ZEV) laýyk gelmeýän awtoulaglar üçin jerimeler peseldildi: ýeňil awtoulaglar üçin 15 müňden 12 müň funt sterlinge, furgonlar üçin bolsa 18 müňden 15 müň funt sterlinge düşürildi. McLaren, Lotus we Aston Martin ýaly uly bolmadyk awtoulag brendleri bu düzgünlerden wagtlaýyn boşadyldy.
Öndürijilere dürli awtoulag synplarynyň arasynda kreditleri geçirmek we 2029-njy ýyla çenli kwota «karzyny» almak hukugy berildi. Şol bir wagtda hökümet elektromobiller üçin täze salgyt ýeňilliklerini girizmedi we zarýad bermäge goýlan GBS-i (goşulan baha üçin salgydy) hem peseltmedi.
Täze karar britan awtoulag senagatynyň boýnuna düşýän agramy ýeňilleşdirer. Gibrid awtoulaglar bolsa, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara geçiş döwründe möhüm orny eýelemäge dowam eder.


31.01.2026 09:10
4.3k+

Britaniýanyň awtoulag senagaty 1956-njy ýyldaky derejä çenli pese gaçdy

2025-nji ýylda Beýik Britaniýanyň awtoulag önümçiligi soňky 70 ýylyň içinde iň pes derejä düşdi. Bu çökgünlige iri öndürijä amala aşyrylan kiberhüjüm, zawodlaryň ýapylmagy we ABŞ-nyň täze gümrük paçlary sebäp boldy diýip, Bloomberg agentligi habar berýär...

21.01.2026 10:59
2.4k+

Londonyň meşhur etraplary Range Rover-iň ýörite modellerinde janlandyryldy

Land Rover kompaniýasy Britaniýanyň paýtagtynyň iň meşhur ýerlerine bagyşlanan Range Rover awtoulaglarynyň eksklýuziw tapgyryny tanyşdyrdy. Bu täze seriýanyň ilkinji wekilleri bolan Range Rover Evoque Hoxton we Range Rover Velar Belgravia ýazyň ahyrynda satuwa çykarylar...

02.06.2025 13:34
5.4k+

Porsche gyssagly ýagdaýda we düşündiriş bermezden Beýik Britaniýada Taycan modelini satuwdan aýyrdy

Porsche Beýik Britaniýada 2019-2023-nji ýyllarda çykan Taycan-yň ähli ulanylan modelleriniň satuwyny togtatdy. Dilerler öndürijiniň ulagyň haýal etmän satuwdan aýrylmagy barada gyssagly buýruk berendigini aýtdy...

28.05.2025 14:04
15k+

Toyota kompaniýasy GR Corolla-nyň önümçiligini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer

Toyota Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin niýetlenen GR Corolla sport hetçbeginiň önümçiliginiň bir bölegini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer. Kompaniýa Derbişir graflygynyň Býornaston şäherindäki zawodda ýörite önümçilik hataryny döretmek üçin, takmynan, 56 mln dollar maýa goýmagy göz öňünde tutýar...