FlashBot Arm robot-kentawry myhmanhanalarda we restoranlarda işgärleriň ornuny tutup biler

  • 08.04.2025 14:01
  • 2k+

Hytaýyň Pudu Robotics kompaniýasy myhmanhanalarda, ofislerde we restoranlarda ulanmak üçin döredilen FlashBot Arm atly täze roboty hödürledi. Ol gumanoidlerden arzan düşýär we ulanmaga taýyn.

Robot-kentawr ýüki eli bilen däl-de, gapakly ýörite gutuda eltýär.
Ýarym gumanoid kömekçi tekerleri arkaly hereket edýär we ýedi derejeli erkinligi bolan iki sany hereketli gol we 11 derejeli erkinligi bolan Pudu DH11 penje bilen enjamlaşdyrylandyr.
Robot iki metr radiusdaky obýektlere goluny uzadyp, liftiň düwmelerini basyp we esasy kartalary okap bilýär. Lifti özbaşdak çagyrýar, jaýyň gatyny saýlaýar we VSLAM ulgamyny, kameralaryny we LiDAR ulanyp giňişlikde hereket etmeli ugruny kesgitleýär.
FlashBot Arm duýgyny görkezmek üçin 10,1 dýuýmlyk duýgur ekran, şeýle hem mikrofon hem-de ses dolandyryşy we ýönekeý gepleşik üçin dinamik bilen enjamlaşdyrylan.
Agramy 15 kg. Dört sagat zarýad alandan soň, robot kän agram salynmasa, sekiz sagada çenli işläp biler.

"Göz öňüne getiriň, ol ýadamazdan we aljyramazdan iýmit, resminama ýa-da däri-derman eltip berýär" – diýip, işläp taýýarlamak işler boýunça direktory gürrüň berýär .


şu gün 18:51
757

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.3k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....