Ispaniýada elektromobiller üçin çalt göçme zarýad stansiýalary synag edilýär

  • 07.04.2025 18:29
  • 2.4k+

Ispaniýada Diggia atly kompaniýalar topary elektromobiller üçin SBOW iFlex atly örän çalt göçme zarýad stansiýalaryny synagdan geçirip başlady diýip, «El Diario» ýazýar.

Tekerli platformanyň üstünde ýerleşdirilen enjamlar 240 kWt-a çenli güýç berýär we şol bir wagtda iki elektromobili zarýadlap bilýär. Olar elektrik ulgamyna, beýleki zarýad stansiýalaryna birikdirilip işlemäge ýa-da içine ýerleşdirilen batareýanyň hasabyna hem işlemäge ukyply. Şol batareýa bilen alty elektromobili doly zarýadlap bolýar.
Göçme mümkinçiligi iFlex-i köpçülikleýin çärelerde ulanmak, döwülen zarýad stansiýalarynyň ýerine wagtlaýynça goýmak ýa-da elektrik ulgamyna agram düşýän döwürlerde goldaw bermek üçin amatly edýär. Bu çözgüt eýýämden karşering hyzmatlaryny we logistiki sebitleri dolandyrýan kompaniýalaryň ünsüni özüne çekdi.
SBOW iFlex-iň öndürijileri bu ulgamyň zarýad infrastrukturasynyň iň esasy kynçylyklaryny – gurmasy uzaga çekýän we çeýeligi pes bolan stansiýalaryň meselesini çözüp biljekdigini belleýärler.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......