Oweçkin Ueýn Gretskiniň “baky” rekordyny döwüp, MHL-iň iň gowy snaýperi boldy

  • 07.04.2025 13:29
  • 9.4k+

Russiýaly hokkeýçi Aleksandr Oweçkin yzygiderli MHL çempionatlarynda ähli döwrüň iň gowy snaýperi boldy. “Waşington Kepitalzyň” kapitany “Nýu-Ýork Aýlenders” bilen oýunda 895-nji şaýbasyny geçirip, uzak wagtdan bäri mümkin däl hasaplanan kanadaly Ueýn Gretskiniň rekordyny täzeledi.

Oweçkin ikinji tapgyryň altynjy minutynda tapawutlandy. Oýunda hasap “Aýlendersiň” peýdasyna 2:1 boldy. Şondan soň oýun taryhy pursaty bellemek üçin togtadyldy. Russiýaly hokkeýçini iki toparyň hem oýunçylary, MHL-iň wekilleri we tanymal Ueýn Gretskiniň özi gutlady.
Oweçkin öz ýoldaşlaryna, muşdaklaryna, dostlaryna we maşgalasyna goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi – onuň aýaly, ogullary we ejesi arena çykdy. Hokkeýçi “hokkeýiň toparlaýyn oýundygyny” we ýoldaşlarynyň kömegi bolmazdan munuň mümkin däldigini aýtdy.  
Gretskiniň rekordy 26 ýyl saklandy. Stenli kubogynyň dört gezek eýesi 1999-njy ýylyň martynda MHL-de 1487-nji oýnunyň dowamynda öz 894-nji goluny geçirdi. Russiýaly türgene bu rekord belligine ýetmek üçin bir oýun az gerek boldy.
“Waşington Kepitalzyň” oýunçysy rekorda ýetmäge Gretskiniň goldawynyň kömek edendigini aýtdy.
Oweçkin Russiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde üç gezek dünýä çempiony we “Waşington” bilen 2018-nji ýylyň Stenli kubogynyň eýesidir. Ol 2005-nji ýyldan bäri MHL-de tutuş karýerasyny “Kepitalz” bilen geçirdi. 


15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.8k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

02.06.2026 00:00
3.9k+

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Finlýandiýanyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Şweýsariýanyň toparyny utdy. Ýaryş Sýurih şäherinde geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde ýeke-täk goluň awtory goşmaça wagtda......