SpinLaunch bir gezekde 250 sany hemra uçuryp, SpaceX-iň rekordyny täzelemek isleýär

  • 07.04.2025 00:01
  • 2.2k+

SpinLaunch kompaniýasy Meridian Space atly täze hemra ulgamyny döretmek baradaky giň gerimli meýilnamasyny mälim etdi. Startap bir gezekde 250 sany mikrohemrany pes orbita çykarmagy meýilleşdirýär. Eger-de bu üstünlikli amala aşyrylsa, startap 2021-nji ýylda SpaceX kompaniýasynyň Transporter-1 missiýasy bilen orbita çykaran 143 hemralyk rekordyny hem geçer diýip, «Space.com» neşiri habar berýär.

SpinLaunch adaty raketalaryň deregine tapawutly usuldan peýdalanýar: olar diametri 33 metr bolan äpet sentrifuga tizlendirijisini – aýlanýan enjamy döretdiler. Bu enjam hemralary örän ýokary tizlige çenli aýlaýar, soň bolsa olary asmana «zyňýar». Hemralar stratosferadan geçensoň, uly bolmadyk raketa hereketlendirijisi olaryň orbita ýerleşmegini üpjün edýär. Bu usul ýangyjyň sarp edilişini azaldyp, uçuşlaryň bahasyny ep-esli peseldýär. Şonuň üçin bu tehnologiýa işewürlik üçin örän özüne çekiji hasaplanylýar.
Startap Meridian Space hemra ulgamynyň häzirki bar bolan internet ulgamlaryndan has ýokary geçirijiligi hödürlejekdigini wada berýär. Bu taslama Kongsberg NanoAvionics tarapyndan 12 million dollar möçberinde maliýeleşdirilýär.
Ilkinji synag uçurylyşy 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär. Ýöne şol uçuşyň SpinLaunch tarapyndan döredilen sentrifuga arkalymy ýa-da adaty raketa bilenmi amala aşyryljakdygy entek belli däl.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......