Sony kompýuterler üçin The Last of Us: Part 2 remasterini çykardy

  • 06.04.2025 22:35
  • 1.9k+

3-nji aprelde Sony kompaniýasy personal kompýuterler üçin The Last of Us: Part 2 remasterini çykardy. Konsollara çykandan bäş ýyl soň,  ony klawiatura we syçan bilen oýnap bolýar.

The Game Awards tarapyndan 2020-nji ýylda iň oňat diýlip atlandyrylan bu oýun indi Steam-de we Epic Games-de elýeterlidir. Onda Elli bilen Joeliň ykbaly, şeýle hem apokaliptikden soňky dünýäde ar almak hyjuwy bilen hereket edýän Elliniň başdan geçirenleri hakda gürrüň berilýär.
Remaster gowulandyrylan grafikany hem-de DLSS we FSR tehnologiýalary üçin goldaw aldy. Şeýle hem, geýmpady kompýuteriňize birikdirmäge mümkinçilik berýän opsiýa goşuldy.
Oýny gurnamak üçin azyndan 16 GB RAM-ly Windows 10, Intel Core i3-8100 ýa-da AMD Ryzen 3 1300X prosessory we GTX 1650 ýa-da Radeon RX 5500 XT wideo kartasy gerek bolar.
Sony garakçylyga garşy goşmaça goragy ornaşdyrmady, şonuň üçin hem goýberilenden 25 minut soň torrent-trekerlerde oýnuň döwlen görnüşi peýda boldy.


11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

08.06.2026 16:23
2k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

27.05.2026 15:37
1.5k+

Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy......

07.05.2026 11:00
1.5k+

Sony Tarantinonyň Jango bilen Zorronyň duşuşygy hakyndaky komiksini ekranlaşdyrýar

Sony Pictures kinostudiýasy «Azat edilen Jango» («Джанго освобожденный») we «Zorronyň nykaby» («Маска Зорро») filmleriniň gahrymanlarynyň resmi krossoweri boljak «Jango/Zorro» atly filmiň üstünde işläp başlady....