“Minecraft kinoda” wideooýunlar boýunça filmleriň arasynda kassa ýygymynyň rekordyny täzeledi

  • 06.04.2025 22:43
  • 3.7k+

Minecraft oýny esasynda düşürilen film garaşylmadyk ýagdaýda ähli wideooýun ekranlaşdyrmalarynyň arasynda premýera güni kassa ýygymy boýunça rekord goýdy. Bu barada The Wrap portaly habar berýär.

“Minecraft kinoda” atly film penşenbe güni dünýä prokatyna çykdy we ABŞ-da derrew 10,6 mln dollar gazandy. Reliz güni şeýle mukdary wideooýun ekranlaşdyrmalarynyň hiç biri gazanmandy. Öňki rekord “Freddi bilen bäş gije” filmine degişlidi, ol 10,3 mln dollar gazandy.
Şeýle netije analitikleri haýran galdyrdy, sebäbi tankytçylaryň ilkibaşdaky seslenmeleri garyşykdy. Häzir ol 48% derejesinde. Kino synçylary filmiň prokatda şowsuz boljakdygyny çaklady. Ýöne tomaşaçylaryň garaýşy başgaça boldy: Rotten Tomatoes-de tomaşaçylaryň baha bermeleriniň 85%-i oňyn boldy (1000 synyň esasynda).


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......