Nemes futbolçysy we dünýä çempiony Mats Hummels karýerasyny tamamlaýar

  • 06.04.2025 12:53
  • 5k+

36 ýaşly nemes futbolçysy Mats Hummels professional karýerasynyň tamamlanandygyny yglan etdi. Ol muny sosial ulgamlarda habar berdi.

"Tamam boldy. Gör, nähili syýahat! Sag boluň" – diýip, oýunçy ýazdy.

Hummels merkezi goragçy bolup oýnady. Ol karýerasyna Mýunheniň “Bawariýasynda” başlady, soňra Dortmundyň “Borussiýasyna” geçdi, oýunlarynyň köpüsini – 508 oýny şu topar üçin oýnady. Şol oýunlarda ol 38 gol geçirdi we 23 gezek netijeli pas berdi. “Dortmunt B” futbolçynyň beýanatyna minnetdarlyk sözleri bilen seslendiler.

“Borussiýanyň” taryhynda, Bundesligada we dünýä futbolunda çykyş eden beýik oýunçylaryň biri. Hemme zat üçin sag bol, Mats, sen köp zat gazandyň! Ajaýyp karýeraň bilen gutlaýarys! Gara-sarylar hemişelikdir" – diýip, nemes klubunyň sosial ulgamlardaky beýanatynda aýdylýar.

Hummels häzirki wagtda Italiýanyň “Roma” klubunda oýnaýar.
Hummels öz karýerasynda bäş gezek: iki gezek “Borussiýa” we üç gezek “Bawariýa” bilen Germaniýanyň çempiony boldy. Şeýle hem ol üç gezek Germaniýanyň kubogyny we 5 gezek Germaniýanyň Super kubogyny aldy.
Goragçy 2014-nji ýylda Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony boldy.


şu gün 10:24
2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.4k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......