NASA asteroidiň Aý bilen çaknyşmak ähtimallygyny iki esse ýokarlandyrdy

  • 06.04.2025 11:21
  • 4.3k+

NASA 2024 YR4 asterodiniň Aý bilen çaknyşmak ähtimallygy boýunça hasaplamalaryny täzeledi. Töwekgelçilik iki esseden gowrak ýokarlandy we häzir 3,8%-e barabar diýlip, agentligiň saýtynda habar berilýär.

Öň ähtimallyk 1,7% diýlip hasaplanypdy.
Çaklama “Jeýms Uebb” kosmos teleskopyndan we ýerüsti obserwatoriýalardan alnan täze maglumatlaryň esasynda täzelendi. Ähtimallygyň ýokarlanandygyna garamazdan, töwekgelçilik pes bolup galýar: hasaplamalara görä, asteroid 96,2% ähtimallyk bilen Aýyň deňinden uçup geçer.
NASA asteroidiň ululygyna-da gaýtadan seretdi. Indi onuň diametri 53-67 metre deň – bu, takmynan, 10 gatly jaý ýalydyr.
Ýerden 2024 YR4 asteroidine gözegçilik etmek onuň daşlaşýandygy sebäpli eýýäm aprel aýynyň ahyrynda mümkin bolmaz. Mundan beýläkki ylmy gözlegleri “Jeýms Uebb” teleskopy alyp barar. 


18.04.2026 23:36
4k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
13k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...