Tramp TikTok-yň ABŞ-da ýene 75 gün işlemegine rugsat berdi

  • 05.04.2025 13:21
  • 7.7k+

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp TikTok-yň ABŞ-da işlemegini ýene-de 75 gün dowam etdirmäge rugsat berýän täze buýruga gol çekdi.

Ak tamyň ýolbaşçysy onuň administrasiýasynyň «TikTok-y halas etmek boýunça ylalaşygyň üstünde tutanýerli işleýändigini» aýtdy.

«Ylalaşygy doly tamamlamak maksady bilen, ähli zerur rugsatlary almak üçin heniz edilmeli işler bar, şonuň üçin men TikTok-yň işlemegini ýene 75 gün dowam etdirmäge mümkinçilik berýän buýruga gol çekýärin» — diýip, Tramp belledi.

Onuň sözlerine görä, hökümet TikTok-yň «şöhlesiniň öçmegini» islemeýär.

«Biz bu ylalaşygyň tamamlanmagy üçin, TikTok we Hytaý bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Bu meselä üns bereniňiz üçin sag boluň!» — diýip, syýasatçy öz sosial tory TruthSocial-da ýazdy.

Mundan ozal TikTok-yň ByteDance hytaý kompaniýasyna degişli ABŞ-daky bölümini satmak üçin bellenen soňky möhlet 5-nji aprelde tamamlanýardy.
2024-nji ýylyň ýazynda ABŞ-nyň Wekiller palatasy eger-de TikTok Hytaýyň ByteDance kompaniýasyndan bölünip aýrylmasa, ony ýurtda gadagan etmäge mümkinçilik berýän kanuny kabul edipdi. Kanun Hytaýyň hökümetiniň amerikaly ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryna elýeterlilik gazanmagy baradaky howatyrlanmalar sebäpli kabul edilipdi. Satuw üçin soňky möhlet ilkibaşda Trampyň kasam kabul edip, wezipesine girişmeginden bir gün öň – 19-njy ýanwar diýlip kesgitlenilipdi. Soň bolsa bu möhlet 5-nji aprele çenli uzaldyldy.
TikTok-y kimiň satyn aljagy entek näbelli, emma käbir dalaşgärler bar. «The New York Times» neşiriniň habaryna görä, Amazon kompaniýasy satyn almak üçin teklip berdi. Ýöne neşiriň çeşmeleriniň aýtmagyna görä, gepleşiklere gatnaşýan taraplaryň köpüsi «Amazon-yň teklibine çynlakaý garamaýar». Mundan ozal birnäçe işewür hem bu sosial tory satyn almak üçin isleg bildiripdi. Olaryň arasynda Reddit-iň esaslandyryjylaryndan Aleksis Oganýan, kanadaly işewür Kewin O'Liri we Oracle kompaniýasynyň esaslandyryjylaryndan Larri Ellison hem bar. Metbugat çeşmeleri Blackstone, Microsoft we milliarder Ilon Masky hem esasy dalaşgärleriň hatarynda görkezýär.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......