Gaý Riçi baky juwanlygyň çeşmesiniň gözlenişi barada film döretdi: treýleri çykdy

  • 05.04.2025 13:10
  • 5.2k+

Apple TV-niň YouTube kanaly Gaý Riçiniň “Baky juwanlygyň çeşmesi” atly täze filminiň treýlerini çykardy.

Filmde baş keşplerde Jon Krasinski (“Ümsüm ýer”), Natali Portman (“Gara guw”, Tor), Eýsa Gonsales (“Körpe sürüji”, “Erkege gelişmejek işleriň ministrligi”) we Donall Glison (Geljekden gelen boýfrend”) çykyş edýär.
Filmde köpden bäri birek-birekden üzňe ýaşaýandyklaryna garamazdan, talaňçylyk etmegiň hatyrasyna bileleşen doganlar hakda gürrüň berilýär. Taryhy giňişleýin bilýändiklerinden peýdalanyp, olar hyýaly Juwanlyk çeşmesini gözleýärler. Bu epiki başdan geçirme olaryň durmuşyny hemişelik üýtgeder we baky ýaşaýşa getirip biler diýip, sinopsisde aýdylýar.
Taslama 2023-nji ýylyň mart aýynda yglan edildi we başda onuň režissýory Dekster Fletçer (“Roketmen”) bolmalydy. Emma 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ol filmi taşlap gitdi we bu iş Gaý Riçä ynanyldy. Şonda hem baş keşpleri Krasinskiniň we Portmanyň ýerine ýetirjekdigi belli boldy. Edebi esasyny Jeýms Wanderbilt (“Zodiak”, “Ak tamyň zabt edilişi”) ýazdy. Film 2024-nji ýylyň fewral aýyndan başlap Bangkokda, Wenada, Kairde, Londonda we Liwerpulda surata düşürildi.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......