Hytaý ABŞ-dan getirilýän harytlara garşylyklaýyn salgytlary girizýär

  • 05.04.2025 08:34
  • 6.4k+

Hytaýyň Maliýe ministrligi ABŞ-dan getirilýän ähli harytlara goşmaça 34% gümrük paçlarynyň giriziljekdigini mälim etdi. Täze düzgünler 10-njy aprelden başlap güýje girer.

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň salgyt boýunça komissiýasy bu kararyň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň yglan eden gümrük paçlaryna garşy jogap çäreleri hökmünde kabul edilendigini nygtady. Komissiýa amerikaly hyzmatdaşlarynyň hereketleriniň «halkara söwda düzgünlerine laýyk gelmeýändigini, Hytaýyň hukuklaryna we bähbitlerine uly zyýan ýetirýändigini» aýtdy.

«Hytaý ABŞ-ny birtaraplaýyn salgytlary derrew ýatyrmaga we söwda jedellerini deňhukukly, hormat goýmak hem-de özara peýdaly maslahatlar arkaly çözmäge çagyrýar» — diýip, beýanatda bellenilýär.

Şeýle hem Hytaý ABŞ-nyň girizen salgytlary bilen baglylykda, Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) resmi şikaýat bilen ýüz tutdy.
Ýatlatsak, 2-nji aprelde Waşington 5-nji aprelden başlap, 185 ýurtdan we sebitden getirilýän harytlara 10%-den 50%-e çenli gümrük paçlarynyň giriziljekdigini yglan edipdi. Tramp bu kararyň ABŞ-nyň ykdysadyýetini dikeltmek üçin zerurdygyny öňe sürüpdi.
Hytaýdan getirilýän harytlar üçin kesgitlenen gümrük paçlarynyň möçberi 34% boldy. Emma mundan öň girizilen çäklendirmeler bilen bilelikde bu görkeziji 54%-e ýetýär. Iň ýokary salgyt – 50% – Lesoto döwletine we Fransiýanyň deňizýaka sebitleri bolan Sen-Pýere hem-de Mikelona girizildi. Şeýle hem Ak tam hiç hili ilaty bolmadyk Herd we Makdonald adalaryna-da salgyt girizdi. Bu adalar Hindi ummanynyň subarktik zolagynda ýerleşýär. Ol ýerlerde hemişelik ýaşaýjylar ýok, ýöne köp sanly düwlen, pingwin we beýleki guş koloniýalary bar. Şol bir wagtyň özünde, bu adalar Awstraliýanyň daşarky sebitleri bolup, olaryň kenarlarynda eksport üçin balyklaryň käbir gymmatly we seýrek görnüşleri tutulýar.
«Bloomberg» neşiriniň maglumatlaryna görä, Trampyň beýanatyndan soň, dünýäniň iň baý 500 adamynyň umumy baýlygy 208 milliard dollar azaldy. Hususan-da Hytaýyň Huali Industrial Group Co. aýakgap öndürijisiniň esaslandyryjysy Çžan Sunýuan 1,2 milliard dollar ýitirdi.


düýn 17:29
5.7k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......