Nissan 16,7 müň dollardan AWD-li, 258 at güýçli we DeepSeek-li Z9 ulagyny hödürledi

  • 04.04.2025 22:18
  • 6.4k+

Zhengzhou Nissan bilelikdäki kärhanasy Z9 çarçuwa pikabyny hödürledi. Täze model benzinli hem-de dizel hereketlendirijili sekiz görnüşde hödürlenýär. 435 at güýjündäki tokdan zarýad alýan gibrid görnüşi hem satuwa çykarylar. Bu barada «Autohome» portaly habar berýär.

Z9 modeli «Z-vision» äheňinde bezelen we daşky görnüşi boýunça iki görnüşde hödürlenýär. Awtoulagyň ölçegleri — 5520 × 1960 × 1950 mm, teker bazasy — 3300 mm. Ýerden beýikligi 270 mm, öňe gitme burçy 36 gradus, yza çykma burçy bolsa 37 gradus. Ýük platformasynyň ölçegleri — 1520 × 1600 × 550 mm. Yzky gapynyň aşagynda 200 kg çenli agrama çydap bilýän çykarylýan basgançak ýerleşdirilen.
Salonynda DeepSeek emeli aňly 14,6 dýuýmlyk media ulgam ekrany 10,25 dýuýmlyk sanly gurallar paneli, simsiz zarýad beriji, elektrik dolandyryşly we ýyladyşly öňdäki oturgyçlar bar. Şeýle hem ikinji derejeli sürüji kömek ulgamy bilen enjamlaşdyrylan.


Ýangyç bilen işleýän wersiýalar 2,3 litrlik 190 a.g. bolan dizel hem-de 2,0 litrlik 258 a.g. bolan benzinli hereketlendiriji bilen üpjün edilýär. Iki görnüş hem 8 basgançakly awtomat karobka we doly herekete getiriji ulgam bilen işleýär. Soň çykarylmagy meýilleşdirilýän gibrid görnüşi, takmynan, 1100 km aralyk geçmäge mümkinçilik berer.
Zhengzhou Nissan – bu Nissan ýapon kompaniýasy bilen Hytaýyň DongFeng awtoulag zawody tarapyndan döredilen bilelikdäki kärhanadyr.








08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....