Apple bir günde bazar gymmatyndan $250 mlrd ýitirdi. Muňa Trampyň girizen gümrük paçlary sebäp boldy

  • 04.04.2025 15:15
  • 11k+

3-nji aprelde Apple kompaniýasy bazardaky umumy gymmatyndan, takmynan, 250 mlrd dollar ýitirdi. Amerikan korporasiýasy ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň salgyt syýasatynyň iň uly pidalarynyň biri boldy diýip, «Financial Times» belläp geçýär.

Apple önümleriniň aglabasyny Hytaýda we beýleki Aziýa ýurtlarynda öndürýär. Neşiriň ýazmagyna görä, kompaniýanyň baş direktory Tim Kuk Ak tam bilen gatnaşyklary gowulandyrmaga synanyşypdyr, emma bu netije bermändir. iPhone-y öndürijiniň paýnamalarynyň bahasy 8%-den gowrak pese düşdi, bu soňky bäş ýylyň rekord pese gaçyşyna golaýdyr. Kompaniýanyň bazardaky umumy gymmaty 3,37 trln dollardan 3,12 trln dollara çenli pese gaçdy. Aratapawut 250 milliard dollara barabar.
Trampyň girizen gümrük paçlary Aziýadan ABŞ-a getirilýän harytlara-da degişli bolup, Apple-yň üpjün edijileriniň we önümçilik desgalarynyň ýerleşýän esasy ýurtlaryna-da täsir etdi. Täze düzgünler kompaniýanyň öndürýän iPhone, iPad, Mac we aksessuarlarynyň hemmesine diýen ýaly täsir eder. «Citi-niň» analitikleriniň maglumatyna görä, Apple-yň önümçiliginiň 90%-den gowragy Hytaýda jemlenendir. Bu ýurtdan getirilýän harytlara azyndan 54% möçberde gümrük pajy giriziler. Apple-yň iPhone, AirPods we sagat ýaly önümleriniň önümçiligini giňeldýän ýurtlary bolan Wýetnam bilen Hindistana hem, degişlilikde, 46% we 26% möçberde gümrük paçlary giriziler.
Indi Apple möhüm karar kabul etmeli bolar: kompaniýa ýa gymmat enjamlarynyň bahasyny ýokarlandyrmaly ýa-da goşmaça çykdajylary «öz jübüsinden tölemeli». Ikinji ýagdaýda kompaniýa girdejisiniň onlarça milliard dollaryny ýitirer.
«Financial Times» neşiriniň ýazmagyna görä, häzirki wagtda ýarymgeçirijiler täze girizilen gümrük paçlaryna sezewar bolmady. Bu Apple-y biraz hem bolsa gorap biler, sebäbi ol bu çipleri Taýwanyň TSMC kompaniýasyndan satyn alýar. Şeýlelikde, Apple Taýwana girizilen 32%-lik gümrük pajyndan halas bolup biler.
Kremniý jülgesiniň «ajaýyp ýediligi» diýlip atlandyrylýan beýleki kompaniýalaryň paýnamalary hem ep-esli arzanlady. Meta Platforms bilen Amazon-yň paýnamalary 7%-den gowrak, Tesla bilen Nvidia-nyňky bolsa 5%-den gowrak arzanlady. Belläp geçsek, Nvidia täze çiplerini Taýwanda öndürýär, emeli aň ulgamlary bolsa Meksikada we beýleki birnäçe ýurtlarda ýygnalýar. Microsoft bilen Alphabet-iň paýnamalarynyň bahasy hem, takmynan, 2% pese düşdi.
ABŞ-nyň Prezidenti tarapyndan girizilen çäreleriň ýaramaz täsirini ýarymgeçirijileri öndürijiler hem duýdy. Marvell Technology, Arm Holdings we Micron Technology kompaniýalarynyň paýnamalarynyň bahasy 8%-den gowrak pese gaçdy. Broadcom bilen Lam Research kompaniýalarynyň paýnamalary, takmynan, 6%, AMD-niňki bolsa 4%-den gowrak arzanlady. Programmalaýyn üpjünçilik ulgamynda işleýän ServiceNow bilen Fortinet ýaly kompaniýalar hem 5%-den gowrak pese gaçyş bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Ýatlatsak, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp dünýäniň 185 ýurdundan gelýän harytlara gümrük paçlaryny girizendigini mälim edipdi. ÝB-den getirilýän harytlara 20%, Hytaýdan – 34%, Taýwandan – 32%, Ýaponiýadan – 24%, Wýetnamdan – 46% möçberde gümrük paçlary girizilýär. Dünýäniň beýleki ýurtlarynyň köpüsi üçin bolsa, bu tölegler 10% derejesinde kesgitlenildi.


02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......