Alymlar Kentukkide gadymy akulanyň täze görnüşini açdy: dişli jandaryň ýaşy 340 mln ýyl

  • 04.04.2025 11:31
  • 4.1k+

Paleontologlar Kentukki ştatyndaky Mamontowa gowagy milli seýilgähinde akulanyň ozal näbelli görnüşiniň dişlerini tapdy. 340 mln ýyl mundan ozal ýaşan bu jandar Clavusodens mcginnisi adyny aldy diýip, Sci News habar berýär.

“Clavusodens mcginnisi ady daşyndan tekiz syrçalary we uzyn esaslary sebäpli gadymy demir çüýlerini ýada salýan akulanyň yzky dişleri bilen baglanyşyklydyr” – diýip, ylmy gözlegiň birinji awtory doktor Jon-Pol Hodnett düşündirdi.

Täze görnüş ýitip giden Petalodontiformes gemirçekli balyklar otrýadynyň Obruchevodidae maşgalasyna degişli edildi.
Bu akulalar uly bolmandyr – olaryň uzynlygy bary-ýogy 8-10 santimetr. Ululygy we isgene şekilli dişleri sebäpli alymlar olara “burunduk akulalar” diýip hem at dakdy.
Dişler hek daşyndan we slanesden ybarat bolan Sent-Ženewýew dag jynslarynyň gatlaklarynda tapyldy. Bu jynslar gadymy umman rifiniň düýbünde emele gelipdir. 

“Soňky birnäçe ýylda Mamontowa gowagynda edilen açyşlara çenli Sent-Ženewýew jyns gatlaklarynda akulalaryň galyndylary barada mälim däldi. Indi bu geologik gatlakda akulalaryň we beýleki balyklaryň 70-den gowrak görnüşi, şol sanda dört sany täze görnüş tapyldy” – diýip, Hodnett belledi.

Bu açyş daş-kömür eýýamynyň durmuşy baradaky bilimleri giňeldýär.


düýn 06:42
4.7k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......