Türkmenistanyň ilçisi Kipriň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

  • 03.04.2025 21:33
  • 7k+

31-nji martda Nikosiýa şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Kipr Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Rim şäheri) T.Kömekowyň Kipr Respublikasynyň Prezidenti Nikos Hristodulidise ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Ilçi T.Kömekow öz gezeginde Kipr Respublikasynyň Prezidentine we bu ýurduň halkyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan mähirli salamy we iň gowy arzuwlary ýetirdi.
Taraplar Türkmenistan bilen Kipr Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.
Dabaranyň çäginde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda Ilçi T.Kömekow 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumyna gatnaşmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan çakylyk hatyny gowşurdy.


düýn 22:17
733

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......