Dewid Finçer Tarantinonyň ssenarisiniň esasynda «Günlerde bir gün... Golliwudda» filminiň dowamyna režissýorlyk eder

  • 03.04.2025 21:17
  • 3.2k+

Dewid Finçer Kwentin Tarantinonyň «Günlerde bir gün... Golliwudda» filminiň dowamyna režissýorlyk eder. Baş keşbi ýene-de Bred Pitt ýerine ýetirer. Bu barada «Variety»«Deadline» we «The Hollywood Reporter» ýaly abraýly neşirler habar berýär.

Filmiň resmi ady entek belli däl, ýöne Netflix platformasynda çykjakdygy mälim edildi. Ssenarini hut Tarantinonyň özi ýazdy. Ol Bred Pitte ssenarini Finçere görkezmäge rugsat beripdir. Aktýor täzeden kaskadýor Kliff Butuň keşbine girer. Leonardo Di Kaprionyň Rik Daltonyň keşbine dolanyp-dolanmajakdygy barada bolsa heniz hiç hili resmi maglumat ýok. Filmiň wakalary hem entek belli däl.

«Bu aýratyn-da birmeňzeşi bolmadyk önümçilik – diňe bir meşhur režissýoryň başga bir meşhur režissýoryň filminiň dowamy düşürýändigi üçin däl, eýsem eýeçiligiň kinostudiýadan striming [platformasyna] geçýändigi üçinem» — diýip, «Variety» neşiri belleýär.

Asyl film 2019-njy ýylda Sony Pictures tarapyndan çykaryldy. Tarantino başlangyç şertnamasynyň esasynda, birnäçe ýyldan soň filmiň awtorlyk hukuklarynyň özüne dolanmalydygyny kepillendiripdi. Neşirleriň çaklamalaryna görä, filmiň dowamy Finçeriň Netflix bilen baglaşan ylalaşygynyň çäklerinde döredilýändigi üçin, onuň hukuklary eýýäm hususy eýeçilikde bolup biler.
Bu taslama baradaky habar, Tarantinonyň «Kinokritik» filmini surata düşürmek meýilnamasyndan el çekmeginiň yz ýany ýüze çykdy. Ol film Tarantinonyň onunjy we belki-de, iň soňky işi bolmalydy. Ssenarisi taýýardy, baş keşp üçin ýene-de Bred Pitt göz öňünde tutulýardy.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......