Lionsgate tassyklady: Jon Uik ýaşady, Jon Uik ýaşaýar, Jon Uik ýaşar!

  • 03.04.2025 21:07
  • 5.6k+

Lionsgate Kianu Riwziň Jon Uik baradaky franşizanyň bäşinji bölüminde baş gahrymanyň roluna gaýdyp geljekdigini tassyklady. Bu barada kompaniýa CinemaCon-da aýtdy diýip, Variety habar berýär.

Franşizanyň doly derejeli dowamyna gaýdyp gelmezden ozal, Riwz “Balerina” atly spin-offda hem peýda bolar.
Täze filmiň üstünde saganyň (birnäçe bölümde gürrüň berilýän waka) režissýory Çad Stahelski hem-de prodýuserler Bezil Iwanik we Erika Li işleýär. Sýužet we önümçiligiň möhleti barada giňişleýin maglumat häzirlikçe ýok.
Şol bir wagtyň özünde, ozal Riwz franşizanyň personažynyň gaýdyp gelmegine garaşmaly däldigini aýdypdy.

“Eý, Hudaý, hawa, Jon Uigiň dünýäsinde bolup geçýän “Balerina” atly wersiýa bar we ol ýerde Jon Uik gysga wagtlyk peýda bolýar. Galan zatlar barada meniň habarym ýok... Personaž heläk boldy. Ol “Jon Uik-4-de” heläk boldy...” – diýip, aktýor aýtdy.

Muňa garamazdan, soňky täzelikler “baş gahrymanyň heläk bolandygy baradaky gürrüňleriň aşa ulaldylandygyny” görkezýär.

“Kianu, Çad, Bezil we Erika, hakykatdanam, üýtgeşik bir zatlary bolmasa, dolanyp gelmezdi” – diýip, Lionsgate-den Fogelson belledi.

Iwanik we Li wakanyň mynasyp dowamyny döretmek isleýändigini aýtdy.
Şeýle-de, “Jon Uik-4-den” Donni Ýeniň personažy Keýn barada aýratyn film taýýarlanýar. Ýen režissýor we baş keşbi ýerine ýetiriji bolup çykyş eder. Surata düşürmek işleri ýylyň ahyrynda Gonkongda başlar.
Franşiza 2014-nji ýylda görkezilip başlandy. Onuň dördünji bölümi 440 mln dollar ýygnap, seriýada iň girdejilisi boldy.  


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......