Tramp ABŞ-a import edilýän harytlara gümrük paçlaryny girizdi

  • 03.04.2025 13:36
  • 11k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurda import edilýän harytlara gümrük paçlaryny girizendigini habar berdi. Onuň Ak tamdaky çykyşyny «Associated Press» agentligi göni ýaýlymda berdi.

Trampyň aýtmagyna görä, ABŞ «onýyllyklar» bäri söwda päsgelçiliklerini aýyrmaga synanyşyp gelýärdi, emma beýleki ýurtlar amerikan önümlerine «örän uly paçlary» saldy.
Çykyşynyň dowamynda ol girizilen paçlaryň mukdaryny görkezýän tablisany hem görkezdi. Sanawda dünýäniň 185 ýurdy bar. Hususan-da, Waşington Ýewropa Bileleşiginden getirilýän harytlara 20% paç girizýär, Hytaý üçin bu görkeziji 34%, Beýik Britaniýa üçin bolsa 10% bolar. Iň ýokary paçlar Kamboja (49%), Wýetnam (46%) we Şri-Lanka (44%) üçin girizildi.
Trampyň düşündirişine görä, Waşington ABŞ-a «adalatsyz» ýagdaýda salynýan paçlaryň, takmynan, ýarysyna görä çäre gördi. Mysal üçin, Hytaý ABŞ-nyň harytlaryna 67% paç salýar, şonuň üçin ABŞ hem 34% paç girizýär.
Şeýle-de ABŞ öndürijilik we milli howpsuzlyk üçin möhüm bolan import harytlaryna paç girizilmejekdigini mälim etdi.
Ak tamyň ýolbaşçysy 3-nji aprelden başlap, daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglara 25% paç giriziljekdigini hem habar berdi. Ol bu çäreleri mart aýynyň ahyrynda yglan edipdi.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......