Corolla indi Toyota-nyň iň meşhur modellerinden biri däl. Tacoma-nyň satuwlary 188% artdy

  • 03.04.2025 08:41
  • 8.2k+

2025-nji ýylyň mart aýynda Toyota ABŞ-da satuwlaryny 6,6% artdyrdy we jemi 196 müň 240 awtoulag satdy. Ýanwar-mart aralygynda bolsa umumy ösüş bary-ýogy 0,1% bolup, satylan awtoulaglaryň sany 487 müň 226-a ýetdi. Bu barada «Carscoops» neşiri habar berýär.

Mart aýynyň iň esasy modeli täzelenen «Tacoma» pikaby boldy. Onuň mart aýyndaky satuwy 188,2% ýokarlanyp, 23 müň 949-a ýetdi. Ilkinji çärýekde satuwy 177,5% ýokarlanyp, «Tacoma» Toyota-nyň iň meşhur üçünji modeli boldy we 21 müň 495 sany satylan «Corolla» modelinden hem öňe geçdi.
Toyota sedanalarynyň satuwy pese gaçdy. «Camry» we «Corolla» öňki ornuny ýitirdi, «Crown» bolsa 66,8% az satyldy. «Mirai» martda ýekeje alyjy hem tapmady. «GR86-nyň» satuwy 16% (1146 sany), «Supra-nyňky» bolsa 11,4% (179 sany) pese düşdi. «Prius-yň» satuwy bolsa 77,4% ýokarlandy.
«Toyota RAV4-üň» satuwy 8,4% pese gaçsa-da (41 müň 509 sany), liderligini saklady. «Camry» ikinji orunda (29 müň 666 sany), ýöne satuwy 10% azaldy. «Corolla Cross» 39,8% ösüş görkezip, gowy netije gazandy. «bZ4X» elektrik awtoulagynyň bahasy aşak düşensoň, satuwy 102,9% ýokarlanyp, 1678-e ýetdi.
«Highlander-iň» satuwy 52,1% pese gaçdy. «Sienna» miniweni bolsa 73,5% ösüş gazanyp, 9033 sany satyldy.


düýn 12:31
1.6k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

düýn 09:36
2.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
12k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....