“Möý adam: Älemden daşary” animasion filmi 2027-nji ýylyň iýunynda çykar

  • 03.04.2025 08:26
  • 1.9k+

Maýls Morales baradaky üçünji multfilm “Möý adam: Älemden daşary” (Человек-паук: За пределами вселенных) 2027-nji ýylyň 4-nji iýunynda kinoteatrlarda çykar. Bu barada Variety habar berýär.

“Biz bu franşizanyň töweregimizdäki köp adamlar üçin nähili wajypdygyny bilýäris. Biz ony yza taşlap bilmedik. Şonuň üçin biz ähli zadyň bolmalysy ýaly bolandygyna göz ýetirmek üçin wagt sarp etmeli bolduk” – diýip, prodýuser Fil Lord bilen režissýorlar Bob Persikettiniň we Jastin K. Tompsonyň topary aýtdy.

Ilkibaşda filmi 2024-nji ýylyň 29-njy martynda çykarmak meýilleşdirildi. Sony “Älem kerebini” (Паутина вселенных) 2018-nji ýylda birinji bölümiň premýerasyndan öň işläp başlapdy, ýöne soň ony iki filme bölmek kararyna geldi.
Ikinji multfilmde Maýls Morales we Gwen Steýsi Multiäleme düşüp, ol ýerde Möýleriň toparyna duşýar. Olara älemi goramak tabşyrylýar. Olar älemi halas etmegiň dürli çemeleşmeleri sebäpli gapma-garşylyga girýär.
Filmiň ahyrynda Maýls Möý adamyň ýok başga bir dünýäsine düşýär, onuň kakasy aradan çykýar, daýysy Aaron bolsa henizem diri. Ol özüniň zalym görnüşiniň ýesiri bolýar, onuň dostlary bolsa halas ediş işine taýýarlyk görýär.
“Älem kerebi” 690 mln dollar gazanyp, iň girdejili animasion filmleriň biri boldy. Birinji bölüm, “Älemiň üsti bilen” (Через вселенные) 384 mln dollar gazanyp, iň gowy animasion film hökmünde “Oskar” baýragyny aldy.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......