ChatGPT indi ýazgy esasynda suratlary mugt döredýär

  • 02.04.2025 18:33
  • 11k+

OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman golaýda hödürlenen ChatGPT-niň surat generatorynyň (ýazgy esasynda surat döredýän emeli aň guraly) indi hemmeler üçin mugt elýeterlidigini habar berdi. Öň bu mümkinçilik diňe hyzmatyň tölegli abunaçylary üçin elýeterlidi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär.

ChatGPT-niň şekil generatory GPT-4o modeliniň esasynda işleýär. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, Ghibli anime studiýasynyň äheňinde suratlary gaýtadan işlemek örän meşhur bolupdyr. Emma internetde bu tehnologiýany öz şahsy bähbitleri üçin ulananlar hem bar: käbir adamlar çat-botuň sözleri we sanlary gaty gowy generirleýändiginden peýdalanyp, galp kwitansiýalary ýa-da hasap fakturalary döretmek üçin ulanypdyr.
27-nji martda OpenAI-yň hyzmaty gaty uly meşhurlyga eýe bolany üçin, kompaniýa ChatGPT-niň işleýiş tizligini çäklendirmeli boldy. Şeýle hem kompaniýanyň ýolbaşçysy mugt wersiýada her gün diňe üç gezek şekil döretmäge mümkinçilik beriljekdigini aýtdy.


03.06.2026 15:15
3.2k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......