Sem Mendes 2028-nji ýylda The Beatles barada dört film çykarar

  • 02.04.2025 18:28
  • 2.6k+

Režissýor Sem Mendes “The Beatles” topary barada dört filmiň ählisiniň 2028-nji ýylda çykjakdygyny aýtdy. Bu barada ol CinemaCon-da Sony-nyň tanyşdyrylyşynda habar berdi.

Mendes tetralogiýanyň çykmagynyň kinoda yzygider birnäçe bölüme tomaşa edeniň ýalydygyny belledi we roluň dört sany kino ýyldyzynyň arasynda paýlanandygyny tassyklady: Pol Makkartniniň roluny Pol Meskal, Jon Lennony – Harris Dikinson, Jorj Harrisony – Jozef Kuinn, Ringo Starry – Barri Keogan ýerine ýetirer.
Režissýor filmleriň çykjak tertibini aýtmady, ýöne ähli bölümleri surata düşürmek üçin bir ýyldan köp wagtyň gerekdigini belledi.
Mendes The Beatles-i “ähtimal, ähli döwürleriň iň ähmiýetli topary” diýip atlandyrdy we olaryň “medeniýeti üýtgedendigini we biziň bilen baky galjakdygyny” belledi.
Režissýor toparyň taryhyny ekranlaşdyrmak üçin laýyk formaty köp wagtlap gözländigini aýtdy. Ol bir film görnüşini göz öňünde tutdy, ýöne ony ýeterlik däl diýip hasaplady. Serial hem, onuň pikiriçe, laýyk gelmedi.

“Täze nesil üçin bu epiki wakany gürrüň bermegiň usuly bolmaly. Men onda öwrenmeli zatlaryň bardygyna ynandyryp bilerin we biz muny etmegiň ýoluny tapdyk öýdýän” – diýip, Mendes aýtdy.

Onuň tetralogiýany düşürmek meýli barada 2024-nji ýylyň fewral aýynda belli boldy. Ilkibaşda premýeranyň 2027-nji ýylda bolmagyna garaşyldy, ýöne režissýor filmleriň üstünde 2028-nji ýylyň ortalaryna çenli işlejekdigini aýtdy.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......