Günüň işjeňligi artdy: aprelde bolup geçjek geomagnit hadysalarynyň senenamasy

  • 02.04.2025 16:09
  • 8.7k+

Soňky günlerde Günüň işjeňligi ýokarlandy. Alawlamalaryň sany artdy, bu bolsa eýýämden birnäçe geomagnit tupanynyň döremegine sebäp boldy. Geljekki hepdelerde tehniki enjamlaryň işleýşine we adamlaryň saglygyna täsir edip biljek geomagnit hadysalarynyň bolmagyna garaşylýar diýip, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasy habar berýär.

Alymlar ozal Günüň işjeňliginiň peselýändigini aýdypdylar. Geçen ýyl Günüň işjeňligi iň ýokary derejesine baryp ýetipdi. Şondan soň alawlamalaryň sany azalypdy. Alymlar Günüň asuda tapgyra geçýändigini çaklapdylar. Emma ýagdaýlar üýtgedi: Günde plazmanyň güýçli zyňylmagy bolup geçdi, bu hadysalar bolsa geomagnit tupanlarynyň döremegine sebäp boldy.
30-njy martda Günüň işjeňligi örän artdy. Şol gün enjamlar 15 sany alawlamany hasaba aldy, olaryň bäşisi radiasiýa tupanlaryna we radio päsgelçiliklere sebäp bolup bilýän orta M derejesine ýetipdi. 31-nji martda işjeňlik has-da artdy: 23 sany alawlama hasaba alyndy, alawlama görkezijisi 7,4 bala ýetip, bu bolsa bäş mümkin howp derejesinden üçünjisi bolan mämişi derejä laýyk geldi.
Çaklamalara görä, aprelde täze geomagnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar. Geljekki günlerde magnit meýdanynda üýtgeşmeler bolar:

  • ·5-nji aprel – G1 magnit hadysasy (5 bal);
  • ·6–7-nji aprel – gowşak geomagnit üýtgeşmeler (4 bal);
  • ·8–10-njy aprel – G1 magnit hadysasy (5 bal);
  • ·11–14-nji aprel – gowşak geomagnit üýtgeşmeler (4 bal);
  • ·21-nji aprel – gowşak geomagnit üýtgeşmeler (4 bal);
  • ·22-nji aprel – G1 magnit hadysasy (5 bal);
  • ·24-nji aprel – G1 magnit hadysasy (5 bal);
  • ·25-nji aprel – gowşak geomagnit üýtgeşmeler (4 bal).

Şeýle hadysalar howa şertlerine duýgur adamlaryň saglygyna we hemra aragatnaşygynyň işleýşine täsir edip biler.


21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

26.02.2026 16:54
5.5k+

Gün «ukudan oýandy»: alymlar 4 günlük dymyşlykdan soň işjeňligiň gaýtadan başlandygyny mälim etdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Günde dört günlük doly asudalykdan soň işjeňlik täzeden başlandy. Bu hadysanyň alamatlary iki-üç gün ozal emele gelip başlan täze tegmiller toparynda hasaba alyndy...

18.02.2026 09:22
4.5k+

2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi...

12.02.2026 11:25
1.5k+

Ýanwar aýy soňky 9 ýylda magnit hadysaly iň işjeň aý boldy

Geçen ýanwar aýy 2017-nji ýyldan bäri magnit harasatynyň iň işjeň hasaba alnan döwri boldy. 31 günüň dowamynda geomagnit tupanlary 10 gezek hasaba alyndy. Bu görkeziji häzirki 25-nji gün sikli üçin hem, 2017-nji ýylyň sentýabryndan bäri geçen döwür üçin hem rekord derejedir...