Tom Hollandly dördünji «Möý adam» filminiň resmi ady we prokata çykjak senesi mälim edildi

  • 02.04.2025 14:04
  • 5.8k+

Baş keşbi Tom Holland tarapyndan ýerine ýetirilýän «Möý adam 4» filmi «Möý adam: Täze gün» («Spider-Man: Brand New Day») ady bilen prokata çykar.

«Variety» neşiriniň habaryna görä, filmiň režissýory Destin Kretton bolar. Filmiň düşüriliş işlerine tomus başlanylar.

«Bilýän, biz „Öýe ýol ýok“ filminiň ahyrynda sizi ullakan gyzyklanma bilen galdyrdyk. Şonuň üçin „Möý adam: Täze gün“ – täze başlangyç bolar. Edil özi. Meň aýdyp biljek bar zadym şu» — diýip, Holland aýtdy.

2021-nji ýylda çykan «Möý adam: Öýe ýol ýok» (Человек-паук: Нет пути домой) filminde Piter Parker, Doktor Strenjiň ýerine ýetiren nädogry jadysyndan soň, hemmeleriň aňyndan öz şahsyýetini pozupdy.

Täze filmiň mazmuny mälim edilmese-de, onuň premýerasynyň 2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda boljakdygy habar berildi.

«Men bu ajaýyp keşbiň indiki tapgyryny öwrenmek üçin dünýäniň iň zehinli sungat ussatlary bilen işleşýärin. Biz her gün geýim, hereketler, täzeçe hadysa döretmek, emosional hekaýat we mundan ozal edilmedik täsin attraksion döretmek hakda içgin oýlanýarys» — diýip, režissýor aýtdy.

Zendaýa bilen Jeýkob Batalonyň (Em-Jeý we Ned keşplerini ýerine ýetirýänler) filme gaýdyp gelmegine garaşylýar. Şeýle-de belläp geçsek, «Gaty geň işler» (Очень странных дел) serialynyň ýyldyzy Sedi Sink hem filmiň aktýorlar düzümine goşuldy.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......