Nissan 2026-njy ýylda Ýewropa üçin Renault Twingo-nyň binýadynda amatly bahadan elektrokar çykarar

  • 02.04.2025 11:32
  • 2.5k+

Nissan kompaniýasy Renault Twingo-nyň binýadynda täze, amatly bahaly elektromobilini taýýarlaýar. Bu model 2026-njy ýylda satuwa çykarylar we kompaniýanyň iň arzan modeli bolar. Bahasy Micra we Leaf modellerinden hem arzan, ýagny 20 müň ýewrodan hem pes bolar.

Awtoulagyň işlenip düzülişinde eýýämden Renault 5-lerde ulanylyp gelinýän CMF-BEV platformasy ulanylýar. Nissan dizaýn işlerini özbaşdak alyp barýar, bu hem önümçilik prosesini çaltlaşdyrmaga, hem-de çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berýär. Beýik Britaniýa üçin ulagyň sagdan dolandyrylýan wersiýasynyň çykarylmagy hem meýilleşdirilýär.
Bu taslama Renault-Nissan-Mitsubishi bileleşiginiň täze strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar. Renault kiçi awtoulag platformalarynyň üstünde işlemegini dowam etdirer, Nissan bolsa orta ölçegli modeller üçin platformalary taýýarlar. Şol bir wagtda, Nissan elektrik awtoulaglar bilen baglanyşykly Ampere atly kompaniýa maýa goýmakdan ýüz öwürdi. Renault bolsa, olaryň Hindistandaky bilelikdäki kärhanasynyň gözegçilik paýlaryny satyn alýar.


08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....