Fram2 missiýasy: SpaceX-iň gämisi ilkinji gezek Ýeriň polýuslarynyň üstünden geçer

  • 02.04.2025 11:09
  • 3.4k+

SpaceX kompaniýasy Fram2 hususy missiýasynyň çäginde Crew Dragon kosmos gämisini uçurdy. Bu polýar orbitada amala aşyrylýan ilkinji adamly uçuşdyr diýip, «CNN» habar berýär.

Gäminiň Ýeriň ekwatoryna 90 gradus ýapgytlykdaky burçdan kosmosa çykmagyna garaşylýar. Häzirki wagta çenli Ýeriň polýuslaryna iň ýakyn geçen kosmos gämisi 1963-nji ýylda uçurylan sowet «Wostok-6» bolup, ol 65 gradus ýapgytlykdaky burçdan kosmosa çykypdy.
Dolulygyna raýatlardan ybarat ekipaž kosmosda 3-5 gün bolar. Olar demirgazyk şöhlelerini synlarlar. Missiýanyň agzalarynyň biri, kinorežissýor Ýannike Mikkelsen, bu täsin tebigy hadysany ýörite enjamlar arkaly surata düşürmegi meýilleşdirýär.
Şeýle hem ekipaž kosmosda birnäçe ylmy synaglary geçirer. Barlaglaryň maksady kosmos uýgunlaşma sindromyny (astronawtlaryň 60%-den gowragyna täsir edýän baş aýlanma we kelleagyry), orbitada rahat uky bilen bagly meseleleri hem-de zenan gormonlarynyň derejesini öwrenmekdir. «CNN-iň» bellemegine görä, kosmosa çykan 700-den gowrak adamyň bary-ýogy 15%-i zenan, bu bolsa dartyş güýjüniň ýok şertlerinde olaryň beden aýratynlyklary baradaky ylmy maglumatlaryň azlygyna sebäp bolýar.
Fram2 missiýasynyň ýene bir möhüm ylmy synagy orbitada wýoşenka kömeleklerini ösdürip ýetişdirmekdir. Ekipaž bu kömelekleriň Aý we Mars missiýalary üçin durnukly iýmit çeşmesi bolup biljekdigini ýa-da bolup biljek däldigini barlarlar.
Gaýdyp gelenlerinde, ekipaž Kaliforniýanyň kenarlaryna gonar.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......