5 asyrlyk kartinada gizlenip galan bölek ýüze çykaryldy. Oňa dikeldiş wagtynda üns berildi

  • 02.04.2025 10:54
  • 7.4k+

Ýan Prowostyň "Şöhrata beslenen Merýem" altar kartinasynda dikeldiş işleri geçirilýän mahaly hünärmenler gizlin bir bölegi tapdylar. Köne lak gatlagyny aýranlaryndan soň, kendiriň ortasynda bir galanyň şekili peýda boldy. Bu barada Sankt-Peterburgdaky meşhur sungat muzeýi bolan Ermitažyň hünärmenleri habar berdiler.

Hünärmenler munuň Fransiýadaky Mon Sen-Mişel ada-galasy bolup biljekdigine ynanýarlar. XV-XVI asyryň flamandly suratkeşi Prowost Fransiýada işläpdir we ýerli landşaftlardan ylham alan bolmagy mümkin.
Suratda ýalpak ýere oturan ýaly bir gämi hem bar. "Sen-Mişel aýlagy Ýewropanyň kenarlarynda iň uly daşgynlary we gaýtgynlary bilen meşhurdyr" diýip, Ermitažda düşündirýärler.
Suratkeş suraty 1524-nji ýylda Brýuggedäki Keramatly Donasian sobory üçin çekipdir. 1560-njy ýyllarda Flandriýada dini tolgunyşyklar başlapdyr we suraty ikona garşy göreşijilerden goramak üçin galp diwaryň aňyrsynda gizläpdirler. Ol XVIII asyryň ahyryna çenli, weýran edilen ybadathananyň harabalyklarynyň arasyndan tötänleýin tapylýança, şol ýerde galypdyr.
1850-nji ýylda surat Ermitažyň kolleksiýasyna girdi.
Maý aýynda kartinany “Niderlandly üç Madonna” sergisine çykararlar. Muzeýiň Apollon zalynda dikeldiş işleri tamamlanandan soň, kartina hemişelik sergä gaýdyp geler.

düýn 23:12
1.4k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
2.7k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.2k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
967

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......