Disney täze “Garpamyk” sebäpli $115 mln ýitirip biler

  • 02.04.2025 09:54
  • 2.8k+

21-nji martda çykan “Garpamyk” (Белоснежка) remeýki prokatda şowsuz boldy. Analitikler Disney-iň kassa ýygymlarynyň gowşaklygy sebäpli 115 mln dollar ýitirjekdigini çaklaýar diýip, Deadline belleýär.

Baş keşpleri Reýçel Zegleriň we Gal Gadotyň ýerine ýetirmegindäki film iki uikendiň dowamynda 140 dollar töweregi girdeji gazandy. Bu marketing çykdajylaryny hasaba almazdan, 250 mln dollarlyk býujeti bolan film üçin örän gowşak netijedir.
Analitikler filmiň ahyrky girdejisi 225 mln dollara ýeten ýagdaýynda, Disney-iň 115 mln dollar ýitirjekdigini hasaplady. Film öz çykdajylarynyň diňe ýarysyny ödäp biler. Bilermenler filmiň ýitginiň öwezini dolup biljek merçandaýz ýa-da tematiki seýilgähler üçin hem laýyk gelmejekdigini belleýär.
Bu ýagdaýy tomaşaçylaryň negatiw garaýşy has ýaramazlaşdyrýar. Köp sanly pes bahalar sebäpli IMDb platformasynda filmiň ortaça baly 10-dan 1,5 bala çenli pese gaçdy. Bu bolsa filmiň çykdajylary ödemek mümkinçiligini has azaldýar. 


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......