Tom Henks ogly Çet bilen klipde “Forrest Gamp” filminden sahnalary döredýärler

  • 01.04.2025 20:18
  • 4.1k+

Aktýor Tom Henks ogly Çet bilen Something Out West rok topary üçin kantri-rok klipinde meşhur “Forrest Gamp” filminden sahnalary döretdiler.

"You Better Run" aýdymyna döredilen wideoda Çet Henks Gampyň keşbini alýar. Ol filmdäki köp sanly sahnalary gaýtalaýar – eli bir guty şokoladly dyzeperde oturýar, azar berjek bolanlarynda gaçýar, "Jenny" gämisinde krewetka tutýar, hatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň tutuş territoriýasyndan ylgap geçýän sahnasy hem bar. Wideonyň ortasynda onuň oturan dyzeperine kakasy gelip goşulýar.
Chet (doly ady: Çester Marlon Henks) görnükli amerikan aktýorynyň üçünji çagasy. Ol kakasynyň kesbini alyp gitdi, filmlerde surata düşdi we telewideniýede-de çykyş etdi, esasanam kakasy bilen “Greýhaund” taryhy dramasynda oýnady, ýöne diňe kiçi keşplerde. Ol sazanda we model hökmünde has gowy tanalýar.
Something Out West duetini Çet Drýu Artur bilen bilelikde esaslandyrdy. Fewral aýynda olar Big Machine Records leýbli bilen şertnama gol çekişdiler we “Leaving Hollywood” atly ilkinji singlini çykardylar.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......