Gün işjeňliginiň iň ýokary döwri geçdi: alawlamalaryň we magnit tupanlarynyň derejesi peseler

  • 04.04.2025 11:33
  • 4.5k+

Gün işjeňliginiň 2019-njy ýylda başlanan 25-nji iň ýokary döwri yzda galdy. NOAA kosmos howasyny çaklama merkeziniň maglumatlaryna görä, işjeňligiň iň ýokary derejesi 2024-nji ýylyň awgust-noýabr aýlarynda boldy. Şonda 13 aýyň dowamynda Gün tegmilleriniň ortaça sany 156,7-ä ýetdi.

Indi bu döwür geçdi, şonuň üçin alawlamalar we koronal massasynyň zyňylmagy sebäpli ýüze çykýan Gün tupanlarynyň derejesi birneme peseler. Şol bir wagtyň özünde olaryň Ýere täsiri ýene bir ýyl diýen ýaly dowam eder.
Iň ýokary işjeňlik döwrüniň geçendigine garamazdan, geomagnit tupanlary we polýar şöhlelenmeler birbada ýitip gitmez. 2025-nji ýylda Gün işjeňligini dowam eder, ýöne onuň derejesi kem-kemden peseler. 24-nji işjeňlik döwründe iki sany iň ýokary dereje hasaba alnypdy – 2012-nji we 2014-nji ýyllarda. 25-nji döwürde iň ýokary derejeler 2023-nji we 2024-nji ýyllarda hasaba alyndy, ýöne şu ýyl hem uly bolmadyk işjeňlik bolup biler.
Magnit meýdanlary bilen baglanyşykly bolan Gün tegmilleri işjeňligiň derejesini görkezýär. 2024-nji ýylyň awgustynda olaryň sany 216-a ýetdi – bu işjeňlik döwrüniň iň ýokary derejesidir. Ýöne 2024-nji ýylyň sentýabryndan 2025-nji ýylyň mart aýy aralygynda olaryň sany 136-166-a çenli azaldy. Ilkibaşda NOAA 2025-nji ýylyň iýul aýynda 101,8-125,2 tegmil sany bilen iň ýokary işjeňlige garaşypdy. Ýöne güýçli döwürler, köplenç, gysga bolýar, şol sebäpli iň ýokary dereje ir ýüze çykan bolmaly.
Iň ýokary derejäni takyk kesgitlemek üçin alymlara ýene bir ýyl gözegçilik gerek. Hakyky iň ýokary dereje aýry-aýry aýlar boýunça däl-de, 13 aýdaky ortaça maglumatlar boýunça hasaplanýar.


21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

26.02.2026 16:54
5.5k+

Gün «ukudan oýandy»: alymlar 4 günlük dymyşlykdan soň işjeňligiň gaýtadan başlandygyny mälim etdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Günde dört günlük doly asudalykdan soň işjeňlik täzeden başlandy. Bu hadysanyň alamatlary iki-üç gün ozal emele gelip başlan täze tegmiller toparynda hasaba alyndy...

18.02.2026 09:22
4.5k+

2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi...

12.02.2026 11:25
1.5k+

Ýanwar aýy soňky 9 ýylda magnit hadysaly iň işjeň aý boldy

Geçen ýanwar aýy 2017-nji ýyldan bäri magnit harasatynyň iň işjeň hasaba alnan döwri boldy. 31 günüň dowamynda geomagnit tupanlary 10 gezek hasaba alyndy. Bu görkeziji häzirki 25-nji gün sikli üçin hem, 2017-nji ýylyň sentýabryndan bäri geçen döwür üçin hem rekord derejedir...