20th Century Dueýn Jonsonyň we Di Kaprionyň oýnamagynda Skorsezeniň trillerini surata düşürer

  • 01.04.2025 12:35
  • 5k+

Disney-iň 20th Century Studios studiýasy ýyldyz aktýorlar bilen bilelikde Martin Skorsezeniň täze jenaýatçylykly trillerini çykarmakçy bolýar. Film gawaýly kriminal awtoritet baradaky hakykatda bolan waka esaslanar diýip, Variety habar berýär.

Filmde Dueýn Jonson, Leonardo DiKaprio we Emili Blant çykyş eder.
Filmiň edebi esasyny Jonson bilen bilelikde ýazjak kitabynyň esasynda žurnalist we ýazyjy Nik Bilton taýýarlar.
Bu sýužet 1960-70-nji ýyllarda Gawaýlerde iň uly jenaýat imperiýasyny döreden adamyň töwereginde aýlanýar. Ol ene topragynyň abatlygy ugrunda göreşmek bilen bir wagtda, yklym korporasiýalaryna we garşydaş sindikatlara garşy söweş alyp bardy.

"Film adamyň hakyky başdan geçiren, öň mälim bolmadyk taryhyna esaslanýar. Ol öz watanyny absolýut hökmürowanlyga barýan rehimsiz ýol bilen goramaga synanyşýar. Medeni taýdan diri galmak ugrundaky göreş garaşylmadyk ýerde – jennetde ýaýbaňlanýar" diýip, sinopsisde aýdylýar.

Filme Skorseze (Sikelia Productions), Jonson (Seven Bucks Productions), DiKaprio (Appian Way Productions), Blant (Ledbury Productions) we Bilton (True Story Productions) prodýusserlik eder. Ýerine ýetiriji prodýuserleriň içinde Deni Garsiýa (Seven Bucks Productions), Lisa Freşett (Sikelia Productions), Rik Ýorn we Kris Donnelli (LBI Entertainment) bolar.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......