“Jeýms Uebb” teleskopy kosmiki tornadony - älemdäki güýçli tüweleýi surata aldy

  • 31.03.2025 19:20
  • 4k+

“Jeýms Uebb” kosmos teleskopy Hameleon ýyldyzlar toplumyndaky Herbigo obýektini - Аро 49/50 (HH 49/50)-ny jikme-jik surata aldy. Ol Ýerden 630 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär we 300 km/s tizlik bilen bizden daşlaşýar diýip, SciNews neşiri ýazýar.

Herbiga - Aro obýektleri ýaş ýyldyzdan çykýan gyzgyn gaz, zarba tolkunlaryny emele getirmek bilen, daş-töweregindäki  materiallar bilen çaknyşanda emele gelýär. HH 49/50 garşylykly ugurlara hereket edýän iki sany gaty gyzgyn gaz akymyndan ybarat.

"Uebb-iň alan ýokary durulykdaky suraty HH 49/50-ni täzeçe gözden geçirmäge mümkinçilik berýär, akymdaky bozulan sebitleriň inçe aýratynlyklaryny açyp görkezýär, bulaşyk obýektiň uzak spiral galaktikasydygyny we fonda bir topar uzak galaktikalary görkezýär" - diýip, astronomlar gürrüň berdiler.

HH 49/50 iň ýakyndaky ýyldyz emele getirýän zolaklaryň biri bolan Hameleon I toplumynyň bir bölegidir. Ozal onuň akymynyň 100–300 km / s tizlik bilen hereket edýändigi kesgitlenipdi. Täze maglumatlar ýyldyzlaryň emele geliş proseslerini modelirlemäge kömek eder.
Ýakynda “Habble” teleskopy Ýerden 45 million ýagtylyk ýyly uzaklykda Sünbüle ýyldyzlar toplumynda ýerleşýän spiral şekilli NGC 4900 galaktikasyny hem surata aldy.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....