Oksford sözlügine “enaýyja zada mähriň gitmegini” aňlatmak üçin “gigil” sözi goşuldy

  • 31.03.2025 14:01
  • 2.6k+

Iňlis diliniň Oksford sözlügine (OED) täze sözler, şol sanda alynma sözler goşuldy. Olaryň arasynda aýnyja, enaýyja zada mähriň gitmek duýgusyny aňladýan “gigil” sözi bar diýip, BiBiSi ýazýar.

Bu söz tagal dilinden (Filippinlerde esasy dilleriň biri) gelip çykyp, “eliňi gysmak, dişiňi gyjamak we bize aýnyja bolup görünýän kimdir birini ýa-da nämedir bir zady çümmüklemek ýa-da berk gysmak islegini döredýän örän güýçli duýgyny” aňladýar.
Sözlüge “alamak” – Singapurda we Malaýziýada geň galyjylygy ýa-da gahar-gazaby aňladýan söz hem goşuldy.

“Iňlis dilini göterijiler üçin ýapragy böwsüp geçýän Gün şöhlesini aňlatmak üçin ýörite sözüň bolmagy peýdaly bolmazdymy… Ýa-da köçede oturyp, içgiden lezzet alýan hereketiňi aňlatmak üçin söz?” – diýlip, OED-iň täzelenmesinde aýdylýar.

Sözlügi düzüjileriň aýtmagyna görä, iki dilli iňlis dilinde gürleýjiler, köplenç, leksiki boşluklary başga bir dilden alnan terjime edilmeýän sözler bilen doldurýar. Eger şeýle alynma sözler ulanyşa girse, olar sözlüge girizilýär.
Singapurdan we Malaýziýadan alnan täze sözleriň aglabasy, mysal üçin, kaýa tosty, balyk kellesinden karri ýaly tagamlaryň atlarydyr.

“Iýmit baradaky bu gürrüňleriň ählisi adamy iýmiti ýany bilen alyp gitmäge, ýa-da tapau ruhlandyryp biler” – diýlip, sözlükde aýdylýar. Bu söz hytaý şiwesinden gelip çykyp, “iýmiti ýanyň bilen alyp gitmek üçin gaplamak ýa-da dolamak” diýmegi aňladýar.

Filippinlerden alnan täze sözleriň arasynda wideoke (utuk hasaplamak ulgamy bilen karaokeniň ýerli görnüşi) we salakot (daýhanlaryň arasynda meşhur bolan giň etekli şlýapa) bar. Şeýle-de, bar bolan iňlis sözleriniň başgaça ulanylyşy bar, mysal üçin, Filippinlerde berk we talapkär mugallymy aňladýan “terror” sözi.
Umuman alanyňda, OED-de 600 müňden gowrak söz bolup, bu ony iňlis diliniň dünýäsinde iň doly sözlükleriň birine öwürýär. Her ýyl redaktorlar müňlerçe täze sözi gözden geçirýär.

düýn 22:32
1.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.7k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
973

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......