“Sugun çagasy” BAFTA TV baýragy üçin nominasiýa sany boýunça öňdebaryjy boldy

  • 31.03.2025 13:58
  • 2.5k+

Riçard Gaddyň “Sugun çagasy” (Олененок) mini-serialy 2025-nji ýylda telewideniýe pudagynda BAFTA baýragy üçin nominasiýalaryň sany boýunça öňdebaryjy boldy. Bu barada Variety habar berýär.

Serial sekiz kategoriýada, şol sanda “Iň gowy baş aktýor”, “Ikinji plandaky iň gowy aktrisa” we “Iň gowy drama mini-serialy” kategoriýalarynda baýrak üçin dalaş edýär. Soňkusynda ol “Bir gün” (Один день), “Ýitirim bolan oglanlar we feýalar” (Потерянные мальчики и феи) we “Jenap Beýts vs. poçta bölümi” (Мистер Бейтс против почты) bilen bäsleşer.
Belläp geçsek, “Jenap Beýts vs. poçta bölümi” alty nominasiýa eýe boldy, “Bäsdeşler” (Соперники) we “Haýal atlar” (Медленные лошади) hem şonça nominasiýany aldy.
“Haýal atlarda” iňirdegen Jekson Lembiň roluny oýnan Geri Oldman “Iň gowy baş aktýor” nominasiýasynda baýraga dalaş edýär. Oňa “Bäsdeşlerdäki” telewizion magnat Toni Baddingemiň roly üçin Dewid Tennant, “Jenap Söýgüli” (Мистер Любовник) filminde Barri Uokeriň roly üçin Lenni Jeýms we jenap Beýtsiň rolunda Tobi Jons goşuldy.
“Iň gowy baş aktrisa” kategoriýasynda baýrak üçin Monika Dolan (“Jenap Beýts”), Şeron Di Klark (“Jenap Söýgüli”), Marisa Abela (“Senagat” / Индустрия), Billi Paýper (“Sensasiýa”), Anna Makswell (“Seni öldürýänçäm” / Пока я тебя не убью) we Lola Pettikrýu (“Hiç zat diýme” / Ничего не говори) dalaş edýär.
“Hiç zat diýme” ikinji plandaky iň gowy aktrisa (Maksin Pik) üçin we iň gowy halkara taslamasy hökmünde hem nominasiýa aldy.
BAFTA TV 2025 baýragy 11-nji maýda Londondaky Patyşalyk festiwal zalynda geçiriler. Baýragyň alypbaryjysy ilkinji gezek şotlandiýaly aktýor Alan Kamming bolar.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......