Split Fiction oýny çykan badyna Ginnesiň üç rekordyny goýdy

  • 31.03.2025 09:21
  • 5.5k+

Split Fiction oýny çykanyndan bary-ýogy birnäçe gün geçensoň, üç sany dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitaby habar berdi.

Hazelight Studios tarapyndan döredilen täze oýun aşakdaky üstünlikleri gazandy:

  • — Steam platformasyndaky iň meşhur ýerli kooperatiw oýun boldy,
  • — Ilkinji 48 sagadyň dowamynda iň köp satylan ýerli kooperatiw oýun boldy,
  • — Ilkinji hepdäniň dowamynda şu görnüşdäki oýunlaryň arasynda iň köp satylan oýun boldy.

Split Fiction oýny Hazelight-yň öňki rekordlaryny hem täzeledi: oýun çykanyndan soň ilkinji günde Steam-de şol bir wagtda 197 müň 434 adam tarapyndan oýnaldy, iki günüň dowamynda bolsa oýnuň satuwy 1 million nusgadan geçdi.
Oýnuň awtorlary režissýor Sebastýan Ýohansson we Hazelight Studios-yň baştutany Ýusef Fares.
Oýnuň baş gahrymanlary iki sany höwesjeň ýazyjy — Mio we Zoi (Faresiň gyzlary). Olar öz ýazan hekaýalaryny hakykatdan hem başdan geçirmäge mümkinçilik berýän simulýator enjamyny synagdan geçirmek üçin çagyrylýarlar. Emma soňy bilen synaga erk edip bolmaýar we gyzlar ylmy-fantastika bilen fenteziniň garyşan täsin dünýäsinde galýarlar.
Split Fiction oýnunyň esasynda film hem surata düşüriler. Filmiň önümçiligini «It Takes Two» oýnunyň ekranlaşdyrylyşy bilen meşgullanýan Story Kitchen studiýasy öz üstüne aldy. Häzirki wagtda film üçin aktýorlar, ssenaristler we režissýorlar saýlanylýar.


düýn 22:32
1.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....