Huawei bilen SAIC bilelikde 20 müň dollardan awtomobil çykarar

  • 31.03.2025 08:50
  • 3.8k+

Huawei Hytaýyň SAIC Motor awtoöndürijisi bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde elektromobil bazarynda ornuny giňeltmegini dowam etdirýär. Olaryň Shangjie atly bilelikdäki brendi resmi taýdan 2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde hödürlener.

Shangjie Huawei-niň awtomobil ekoulgamynda ýaş auditoriýa gönükdirilen elýeterli brend bolar. Birinji model, ähtimal krossower, 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde çykar. Onuň bahasynyň 20 700 dollardan 27 600 dollara çenli bolmagyna garaşylýar.
Huawei-niň premium brendlerinden (Aito, Luxeed, Stelato, Maextro) tapawutlylykda, täze brend arzan, ýöne döwrebap çözgütlere ünsi jemlär.
Birinji model SAIC platformasynda, aýratynam, Marvel RC7-niň platformasynda gurlup biler. Awtomobil Huawei-den elektromobil arhitekturasyna, ADS awtonom dolandyryş ulgamyna we HarmonyOS-a esaslanýan intellektual kabina eýe bolar. Alyjylara doly elektrik görnüş ýa-da gibrid (EREV) hödürlener.
Ozal Tesla 25 000 dollara arzan elektromobil çykarmagy wada beripdi, ýöne şondan bäri hytaý kompaniýalary eýýäm arzan modelleri hödürläp ýetişdi. 


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......