Ýakutiýada Ýana atly mamont çagasynyň läşi öwrenilýär. Onuň 50 müň ýyl ýaşy bar

  • 31.03.2025 08:31
  • 12k+

Demirgazyk-Gündogar Federal uniwersitetinde (NEFU) mamont çagasynyň läşini öwrenmäge bagyşlanan halkara ylmy seminar başlandy. Alymlar oňa Ýana diýip at goýdular diýip, RBC habar berýär.

Taryhdan öňki haýwanyň läşi 2024-nji ýylyň iýun aýynda Werhoýanskiý etrabynyň Batagaýka sebitinden tapyldy. Tapyndynyň geologiki ýaşy 50 müň ýyldan geçýär diýip, uniwersitetiň metbugat gullugy habar berýär.
Mamont çagasy barada ilkinji gezek dekabr aýynda jemgyýetçilige mälim edildi. Barlaglar onuň oňat ýagdaýda saklanandygyny tassyklady.

“Kellesinden ýiten ýeri ýok, tumşugynda, gulaklarynda we agyz boşlugynda göze görnüp duran şikes ýok” – diýip, SWFU-nyň Telegram kanalynda habar berildi.  Bu tapyndy dünýäde şeýle gowy ýagdaýda saklanyp galan ýedinji nusga boldy.

Tapyndy SWFU-nyň "Batagaýka" ylmy merkeziniň golaýyndaky Ýana derýasynyň basseýninde ýerli ýaşaýjylar tarapyndan ýüze çykaryldy. Olaryň sözlerine görä, läş hemişelik doň gatlakdan ýarym çözen ýagdaýda çykypdyr.
27–28-nji martda alymlar anatomo-morfologiki, molekulýar-genetiki, mikrobiologiki we beýleki barlaglary geçirdiler. Hünärmenler çaga mamontyň ýaşan ýeriniň tebigy we howa şertlerini täzeden döretmegi meýilleşdirýärler.
Mamontyň ýogalan wagtyndaky takyk ýaşy belli däl, ýöne bir ýaş töwereginde bolandyr diýip çaklanylýar. SWFU-da geçmişde aşa gazaply howa şertleri sebäpli, haýwan çagalarynyň çalt kemala gelendigini, olaryň agyr gyşlara taýynlyk görmeli bolandygyny belläp geçdiler.


şu gün 00:18
820

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.7k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....