Win Dizel “Riddik 4: Furiýa" filminden ilkinji kadrlary paýlaşdy

  • 30.03.2025 20:18
  • 5.9k+

Aktýor Win Dizel täze “Riddik 4: Furiýa” filminden ilkinji kadrlary hödürledi. Filmiň premýerasy 2025-nji ýylyň güýzüne meýilleşdirilýär. Lentany surata düşürmek işleri geçen ýyl tamamlandy.

Film baş gahrymanyň gelip çykyşy barada gürrüň berer. Hödürlenen wideo sýužet barada giňişleýin maglumat bermeýär, diňe Dizeli adaty obrazda görkezýär. Ähtimal, doly derejeli treýler ýakynda peýda bolar.
Režissýor we ssenariçi bolup ýene-de Dewid Tui çykyş etdi. Ol muşdaklaryň kanagatlanjakdygyna ynandyrdy.
Sýužet boýunça Riddik dogduk planetasyna gaýdyp gelýär we tiredeşlerine diri galmak ugrundaky göreşde kömek edýär.
Surata düşürmek işleri Germaniýada, Ispaniýada we Beýik Britaniýada geçirildi. Sahnalaryň bir bölegi The Volume tehnologiýasynyň ulanylmagy bilen düşürildi. Ozal şeýle usuly Disney studiýasy “Mandalorly we Grogu” (Мандалорец и Грогу) we “Tor: Söýgi we ýyldyrym” (Тор: Любовь и гром) filmlerinde ulandy. Bu sebäpli filmiň býujeti seriýada iň ulusy boldy – takmynan, $120 mln. 


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......