Asfalta gaçmaga çydamly, keramika garylan gorag aýnasy döredildi

  • 30.03.2025 12:03
  • 4.1k+

Corning Incorporated kompaniýasy Gorilla Glass Ceramic atly açyk aýna-keramiki örtügini hödürledi. Ol mobil enjamlaryň ekranlarynyň berkligini artdyrmaga ýardam berer. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, ol alýumosilikat aýnalara garanyňda, ýere gaçmalara garşy has gowy goragy üpjün edýär.

Laboratoriýa synaglary Gorilla Glass Ceramic-iň 1 metr beýiklikden asfalta meňzeş ýeriň üstüne 10 gezek gaçmagyna çydap bilýändigini görkezdi. Alýumosilikat aýnalar bolsa, eýýäm ilkinji urgyda döwülýärdi.
Täze material Corning Gorilla Glass gorag örtükleriniň hataryna goşular. Kompaniýa ýakyn aýlarda Gorilla Glass Ceramic-iň Motorola enjamyna ornaşdyryljakdygyny mälim etdi.

«Gorilla Glass berk we çydamly aýna hökmünde abraý gazandy, täze aýna-keramiki material hem bu däbi dowam etdirýär» — diýip, Corning Gorilla Glass-yň wise-prezidenti Dewid Welaskes aýtdy. Ol täze materialyň kompaniýanyň innowasion we ýokary hilli gorag örtüklerini işläp düzmäge ygrarlydygyny görkezýändigini belledi.

düýn 23:12
1.4k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
2.7k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.2k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
967

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......