Samsung Galaxy S25 Edge-iň ähli reňklerdäki şekil suratlary görkezildi

  • 30.03.2025 11:56
  • 7.2k+

Insaýder Roland Kwandt (WinFuture) Samsung Galaxy S25 Edge-iň ilkinji ýokary hilli renderlerini paýlaşdy.

Bu smartfon aprel aýynda satuwa çykarylar we Titanium Jet Black, Titanium Silver hem-de Titanium Icy Blue reňklerinde elýeter bolar. Samsung-yň resmi web sahypasyndan sargyt edilende goşmaça reňkler hem hödürlener.
Galaxy S25 Edge ýuka (5,8 mm) korpusy bilen tapawutlanýar we iPhone 17 Air modeline bäsdeş bolar. Enjamyň esasy aýratynlygy Snapdragon 8 Elite çibiniň ulanylmagydyr. Şeýle hem ol Galaxy S25 Plus-dan alnan 6,7 dýuýmlyk SuperAMOLED ekrana, 200 hem-de 12 MP datçiklerden ybarat esasy kamera we 3900 mA·sag sygymly batareýa eýe bolar.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...