Opel Astra modellerine mehanika karobka gaýdyp gelýär

  • 29.03.2025 16:29
  • 14k+

Opel awtoulag öndürijisi «Astra» model hataryna mehanika karobkany ýene goşdy. Indi «Astra Hatchback» we «Sports Tourer» modellerini 6 basgançakly mekanika karobka bilen satyn almak mümkin. Ýöne bu karobka diňe 1.2 Turbo (130 at güýji) benzinli hereketlendiriji bilen bilelikde hödürlenýär. Bu barada «32Cars» habar berýär.

Mehanika karobkaly «Astra» 100 km/sag tizlige 10 sekuntda ýetýär. Bu bolsa 8 basgançakly awtomatiki karobkaly görnüşinden 0,1 sekunt çaltdyr. Onuň ortaça ýangyç sarp edişi 5,4-5,7 litr/100 km bolup, awtomatiki karobkaly görnüşine garanyňda has tygşytlydyr.
Üç pedally «Astra» has arzan bahadan hödürlenýär. «Edition» toplumy bolan hetçbek görnüşinde onuň bahasy awtomatiki karobkaly görnüşinden 2750 ýewro arzan.
Şeýle hem has arzan bahaly «Business Edition» hem-de sport görnüşli «GS» wersiýalary hem müşderilere hödürlenýär.


09.10.2025 18:18
8.8k+

2025-nji ýylyň iň ygtybarly we meseleli awtomobilleri belli boldy

WhatCar awtožurnalynyň hünärmenleri awtomobilleriň ygtybarlylygy boýunça 2025-nji ýylyň reýtingini düzdi. Pikir soraşma 32 000 ulag eýesi gatnaşdy. Olar iki ýyl bäri ulanylyp gelinýän ulaglarynda ýüze çykan döwükler we näsazlyklar barada gürrüň berdi...

27.09.2025 19:12
9.7k+

Opel Grandland-e çyralar arkaly pyýadalar bilen "dil tapyşmany" öwretdiler

Stellantis konserni Opel Grandland krossoweriniň täze nusgasyny tanyşdyrdy. Ol pyýadalar we ýol hereketine gatnaşýan beýleki adamlar bilen ýagtylyk arkaly aragatnaşyk saklap bilýär. Ulag üçünji derejeli «awtopilot» ulgamy, kameralar we ýagdaýy seljerip, ýol hereketindäki «meýilleri çaklaýan» emeli aň bilen enjamlaşdyryldy...

19.09.2025 14:53
2.7k+

755 müňden gowrak Opel, Peugeot, Fiat we Citroën ýangyjyň syzyp bilmegi sebäpli yzyna gaýtarylýar

Maserati, Chrysler we Jeep brendlerini öz içine alýan Stellantis konserni ýangyjyň syzmak töwekgelçiligi sebäpli bütin dünýäde 755 müňden gowrak awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu mesele ýangyna getirip biler diýip, Bild gazeti habar berdi...

31.08.2025 08:52
7.2k+

Opel pikirini üýtgedip, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryny aýyrmaga howlukmaz

Germaniýanyň Opel awtoulag öndürijisi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryny önümçilikden aýyrmak baradaky meýilnamasyna täzeden garady. Bu barada ITHome portaly habar berýär. Iki ýyl ozal kompaniýa 2025-nji ýyldan başlap ähli täze modelleriň elektrikli görnüşde öndüriljekdigini we 2028-nji ýyla çenli Ýewropada diňe elektrik ulaglarynyň satyljakdygyny mälim edipdi...