Mýanmada ýertitreme bolup geçdi. Sarsgynlar Tailandda, Wýetnamda we Hytaýda duýuldy

  • 29.03.2025 13:17
  • 18k+

Mýanmada 7,7 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi. Onuň ojagy ýurduň ikinji uly şäheri bolan Mandalaýyň golaýyndaky Sigaýn şäherinden 16 km demirgazyk-günbatarda ýerleşdi.

Azyndan 1002 adam betbagtçylygyň pidasy boldy, ýene 2376 adam şikes aldy diýip, ýurduň Hökümetine salgylanyp, Bi-bi-si ýazýar.
Esasy zarbadan soň 6,4 ululykda gaýtadan titreme boldy. AFP-niň maglumatlaryna görä, ýurduň paýtagty Neýpýidoda ýertitreme ýollara we binalara zeper ýetirdi.
Güýçli sarsgynlar Tailandda, Wýetnamda we Hytaýda hem duýuldy.
Bangkokda häkimiýetler adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi. Şaýatlar ýertitreme wagtynda binalaryň çaýkanandygyny habar berdi. Sosial ulgamlarda Çatuçak şäher seýilgähiniň golaýynda gurulýan beýik binanyň ýumrulyşyny görkezýän wideo ýaýrady. Titremeler wagty başga bir diňiň üçegindäki howuzdan suw dökülip başlady.

 “Ýertitreme 13:30 töweregi başlanda, binalarda duýduryş signallary işledi we ýaşaýjylar beýik jaýlaryň basgançaklary arkaly ewakuasiýa edildi” – diýip, AP habar berýär.

CNN-iň maglumatlaryna görä, Tailandda azyndan on adam heläk boldy, 16 adam şikes aldy, ýene 101 adamyň ykbaly bolsa näbelli. Bangkokyň gubernatorynyň orunbasary Tawida Kamolwej ýitenleriň ählisiniň gurluşykçydygyny we olaryň ýumrulan binalaryň aşagynda galyp bilendigini aýtdy.
Mýanmanyň häkimiýeti halkara kömegini sorap ýüz tutdy. 


25.06.2026 12:37
7.1k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....